In­do­ne­zi­ýanyň romantik adasy

0

In­do­ne­zi­ýa de­giş­li bo­lan Ba­li ada­sy te­bi­gy gö­zel­lik­le­riň me­ka­ny ha­sap­lan­ýar. Ma­laý ar­hi­pe­la­gyn­da ýer­leş­ýän bu ada Hin­di we Ýu­waş um­ma­ny bi­len ýu­wul­ýar. Owa­dan ada­nyň tut­ýan meý­da­ny 5 müň 780 ine­dör­dül ki­lo­metr bo­lup, dolandyryş merkezi Den­pa­sar şä­he­ri­dir. «Ro­man­tik­le­riň ada­sy» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bu ýer 1980-nji ýyl­lar­dan soň ýur­duň iň meş­hur sy­ýa­hat­çy­lyk mer­ke­zi­ne öw­rül­ýär.
Ba­li­niň de­mir­ga­zyk we gün­do­gar ke­nar­ýa­ka­syn­da­ky çä­ge­lik­ler ga­ra reňk­li bo­lup, wul­kan­la­ryň se­bi­te ýaý­ra­ma­gy bi­len eme­le ge­lip­dir. Ba­li ada­sy «Müň yba­dat­ha­na ada­sy», «Taň­ry ada­sy» diý­lip hem at­lan­dy­ryl­ýar. Se­bä­bi ek­zo­tik ada­da, tak­my­nan, 10 müň­den gow­rak yba­dat­ha­na bar. Şo­la­ryň ara­syn­da Lem­pu­ýang Lu­hur (Jen­ne­tiň der­we­ze­si) yba­dat­ha­na­sy iň meş­hu­ry bo­lup, ge­lim-gi­dim­li ýer­le­ri­niň bi­ri­dir. Ba­li­dä­ki äh­li yba­dat­ha­na­da swas­ti­ka ny­şa­ny­ny gör­mek bol­ýar. Ny­şa­nyň ady sansk­rit di­lin­dä­ki «swas­ti­ka» sö­zün­den ge­lip çy­kyp, Ba­li­de «hoş­ni­ýet­li­lik, hoş­ni­ýet­li zat» di­ýen ma­ny­da ula­nyl­ýar. Ro­man­tik ada dynç al­ma­ga bar­ýan sy­ýa­hat­çy­la­rdan is­len­dik yba­dat­ha­na gir­mek üçin sa­rong (be­de­ni­ňi ört­ýän uzyn ýa­pyn­ja) geý­mek ha­ýyş edil­ýär. Bu ýer­dä­ki düz­gün­le­re gö­rä, yba­dat­ha­na bar­ýan­la­ryň eg­ni ýa­pyk bol­ma­ly. Bu düz­gün­ler Ba­li ada­syn­da ýa­şa­ýan­la­ryň ata-ba­ba­la­ry­na goý­ýan hor­ma­ty diý­lip dü­şün­di­ril­ýär.
Ýa­şyl ada­da 4 mil­li­on­dan gow­rak ilat ýa­şa­ýar. Ada­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň esa­sy kä­ri ba­lyk­çy­lyk we se­net­çi­lik bo­lup, sy­ýa­hat­çy­lyk ösen pu­dak ha­sap­lan­ýar. Ba­li ada­sy di­ňe owa­dan de­ňiz ke­nar­la­ry, gür to­kaý­lyk­la­ry, tä­sin haý­wa­nat dün­ýä­si bi­len ta­nal­man, eý­sem, mil­li we döw­re­bap tans­la­ry, heý­kel­ta­raş­lyk, su­rat­keş­lik sun­ga­ty, de­ri we me­tal iş­läp be­jer­mek hem-de ösen aý­dym-saz sun­ga­ty bi­len hem meş­hur­dyr. In­do­ne­zi­ýa­nyň hal­ka­ra film fes­ti­wa­ly hem her ýyl Ba­li­de ge­çi­ril­ýär. Ba­li ada­sy­na her ýyl 5 mil­li­on tö­we­re­gi sy­ýa­hat­çy bar­ýar.