Gündogar Aziýanyň iň beýik agajy tapyldy

6

Alymlar Gündogar Aziýa sebitinde iň beýik hasaplanýan we boýy 84,1 metre (takmynan, 27 gatly ýaşaýyş jaýynyň beýikligine) ýetýän ägirt uly agajyň ýerleşýän ýerini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýlip atlandyrylan bu taryhy agaç Taýwan adasynyň gür tokaýlyk we daglyk sebitinde ýerleşip, ol hemişe gök öwüsýän, pürli «Taiwania cryptomerioides» görnüşine degişlidir. Adanyň çylşyrymly daglyk relýefi sebäpli, gözleg işleri, takmynan, 10 ýyla çekdi we netijede alymlar tarapyndan sebitdäki beýikligi 65 metrden geçýän 941 sany ägirt agajy öz içine alýan «Taýwanyň ägirt agaçlarynyň kartasy» taýýarlandy.
Taýwanyň Tokaý hojalygy institutynyň alymlary tarapyndan bu ugurdaky gözlegler ilkinji gezek 2014-nji ýylda başlanyp, ilki bilen beýikligi 69,3 we 72 metre ýetýän agaçlar hasaba alyndy. Gözleg işlerini kämilleşdirmek maksady bilen, ýer üstüni lazer arkaly skanirleýän dünýäniň öňdebaryjy LiDAR ulgamy ulanyldy. Emma adanyň dik gaýaly relýefi sebäpli, enjamlaryň görkezijilerinde 93 göterime çenli näsazlyklar ýüze çykdy. Şol sebäpli, alymlar sanly maglumatlary anyklamak üçin ýüzlerçe meýletinçini we alpinisti gözleg işlerine çekdiler we netijede 2023-nji ýylyň ýanwarynda gözlegler üstünlikli jemlenip, agajyň anyk beýikligi ýörite ölçeg lentalarynyň kömegi bilen resmileşdirildi.
Alymlaryň bellemegine görä, bu gadymy we ägirt uly tokaýlyklar özüniň kuwwatly kök hem-de gurluş ulgamy arkaly kömürturşy gazyny uly möçberde siňdirip, diňe bir sebitiň däl, eýsem, tutuş planetanyň ekologiýa ulgamyny we durnuklylygyny gorap saklamakda bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedir.