Peläniň köýnekçesi auksiona çykarylýar

2

Dünýä belli braziliýaly futbolçy Peläniň 1958-nji ýylda Şwesiýada geçirilen dünýä çempionatynyň final duşuşygynda geýen 10-njy belgili köýnekçesi Nýu-Ýorkda geçiriljek auksionda satuwa çykarylýar. «Sotheby’s» auksion öýüniň beren resmi maglumatyna görä, taryhy gymmatlygy bolan bu sport lybasyna, azyndan, 6 million amerikan dollary möçberinde baha kesilýär. Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde şol wagt 17 ýaşyndaky Pele final duşuşygynda garşydaşlarynyň toruna iki gol geçirip, toparynyň 5:2 hasabynda taryhy ýeňiş gazanmagyna we çempion bolmagyna goşant goşupdy.
Milli gymmatlyga öwrülen bu köýnekçe auksiondan öň, şu ýyl Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçiriljek dünýä çempionatynyň çäklerinde Nýu-Ýorkuň Manhetten etrabyndaky «Sotheby’s» auksion öýüniň täze ştab-kwartirasynda köpçülige görkeziler. Resmi söwdalaşyk çäresi 16-njy iýulda, ýagny, dünýä birinjiliginiň final oýnundan üç gün öň geçiriler. Bu sport lybasy meşhur argentinaly futbolçy Diego Maradonanyň 1986-njy ýyldaky dünýä çempionatynda geýen we ozal 9,3 million dollara satylan futbolkasyndan soň, futbol taryhynda iň gymmat bahaly eşikleriniň biri bolar.
Mälim bolşuna görä, meşhur futbolçynyň ýakyn dosty Dide sowgat beren bu taryhy sport lybasy uzak ýyllaryň dowamynda onuň maşgala arhiwinde aýawly saklanypdyr. Hasaplamalara we bilermenleriň seljermelerine görä, taryhy sport gymmatlyklaryna bolan gyzyklanma dünýä derejesinde yzygiderli ýokarlanýar we bu çäre halkara sport jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär.