Ýene-de 2 günden badalga aljak 39 günlük futbol baýramçylygy bolan Dünýä Kubogynyň öňüsyrasynda käbir futbolçylar sanawdan çykaryldy. Aslynda tälimçiler tarapyndan gutarnykly sanawa çagyrylan, ýöne ýoldaşlyk duşuşyklarynda, türgenleşiklerde şikes alan şol futbolçylar taryhy sepgitden yzlaryna gaýtmaly boldular.
Olaryň arasynda Braziliýanyň ýygyndysynda goragçy Wesli şikesi sebäpli çempionata öýünde tomaşa etmeli bolar. Ançelotti onuň ornuna “Serie-A”-da çykyş edýän başga bir oýunçyny, “Atalantadan” Ederson Silwany çagyrdy.
Germaniýanyň ýygyndysynda tamamlanan möwsümde özüni görkezen ýaş oýunçy Lennart Karl şikes alyp, karýerasynyň başyndaky iň uly futbol baýramçylygynyň daşynda galdy. Tälimçi Ýulien Nagelsman onuň öwezini “Leipsigden” Assan Uedraogo bilen doldy.
Niderlandlaryň ýygyndysynda-da ekizleriň biri bolan Ýurrien Timber Dünýä Kubogyna gatnaşyp bilmez. “Arsenalyň” ýyldyzy aslynda esasy düzüme alynsa-da, şikesinden doly saplanmany üçin Kuman onuň ornuna “Sanderlandda” çykyş edýän Lutşarel Geertruidany topara goşdy. Ýurrien Timberiň ekiz taýy Kinten Timber topardaky çykyşyny dowam eder.
Çempion Argentinada “Marseliň” köýnekçesini geýýän goragçy Leonardo Balerdi şikesi sebäpli 6-njy iýunda topardan çykaryldy. Tälimçi Skaloni häzire çenli ornuna hiç kimi almady.
Argentina bilen bir toparçada çykyş etjek Awstriýanyň düzüminde-de toparyň esasy ýyldyzy Kristof Baumgartner myşsasyna zeper ýetmeginden soň sanawdan çykaryldy. “Leipsigde” möwsümi şowly tamamlan hüjümçi milli topary üçineme şu wagta çenli 19 gol geçiripdi. Tälimçi Ragnink onuň ornuna hiç kimi almakçy däldigini aýtdy.
Şotlandiýada-da ýyldyz oýunçy Bil Gilmor şikes alyp, sanawdan çykaryldy. Tälimçi Stiw Klar onuň ornuna Taýler Fletçeri düzüme aldy.
Bosniýa we Gersegowinanyň milli toparynda tälimçi Sergeý Barbares şikes alan Osman Hadžikiçi düzümden aýryp, Mladen Ýurkasy topara goşdy. Onsuzam Bosniýanyň esasy ýyldyzlaryndan Haris Seferowiç şikesi sebäpli düzüme çagyrylmandy.
Kanadanyň ýygyndysynda Marselo Flores şikes alsa-da, tälimçi Jessi Marş häzire çenli onuň ornuna hiç kimi topara goşmady.
Kot-d’Iuwarda Kleman Akpa şikes alyp, ornuny Kristofer Operi bilen çalyşmaly boldy.
Düzümini ilkinji bolup yglan eden ýygyndylardan Şwesiýada hem “Ýuwentusyň” goragçysy Emil Holm topardan çykarylyp, tälimçi Grem Potter onuň ornuna Herman Ýohanssony sanawa aldy.
Yragyň düzüminde-de Ahmed Ýahýa şikes alyp, çempionatyň başlanmagyna 5 gün galanda, sanawdan çykaryldy. Ahmed Maknzi onuň ornuna toparda oýnar.
Iordaniýada-da şikes alan Ibrahim Sabra bilen Mohammad Taha ornuny çalyşdy.
Koreýa Respublikasynyň düzüminde-de Ço Ýu-Miniň deregine Ço Wi-Že çagyryldy.
Gananyň milli toparynda-da Aleksander Džiku şikes alyp, ornuna Derrik Lukassen topara alyndy.
Kongo DR-niň ýygyndysynda-da gutarnykly düzümden şikesli Roki Buşiri çykarylyp, ýerine Aaron Tşibola sanawa goşuldy.
PDF









