Angliýanyň Banky taryhy şahsyýetleriň – Winston Çerçilliň, Jeýn Ostiniň we Alan Týuringiň şekilleri ýerleşdirilen milli pul birlikleriniň dizaýnyny täzelemek we olary ýurduň tebigat dünýäsiniň şekilleri bilen çalyşmak barada karar kabul etdi. Ýörite geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, ozalky taryhy şahsyýetleriň, şeýle hem käbir kolonial döwre degişli binalaryň şekilleri häzirki zaman Birleşen Patyşalygynyň medeni we tebigy köpdürlüligini doly şöhlelendirmeýär diýlip hasap edildi. Şeýlelikde, döwlet banky tarapyndan pul belgileriniň täze tapgyryny çykarmak boýunça maslahatlaşmalar we ilatyň arasynda ses berlişik çäreleri başlandy. Häzirki wagtda ýurduň ýaşaýjylaryna banknotlarda şekillendirmek üçin taryhy şahsyýetleriň ýerine haýwanat dünýäsiniň dürli görnüşlerini saýlamak mümkinçiligi hödürlenýär.
PDF









