ABŞ-Türkmenistan: medeni-ynsanperwer ugurly gatnaşyklar berkidilýär

5

8-nji iýunda Aşgabatda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojersiň hormatynda dabaraly kabul edişlik gurady.
Kabul edişlige ýurdumyzdaky daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.
Ilçi Elizabet Rud türkmen dilinde çykyş edip, ABŞ-nyň şu ýyl Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyny belleýändigini belläp, bu möhüm wakanyň öňüsyrasynda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojersiň Aşgabada saparynyň aýratyn ähmiýete eýe bolandygyny belledi. Ol bu saparyň hususan-da, medeni-ynsanperwer ugurly gatnaşyklaryň has-da berkemegine uly goşant goşjakdygyny aýtdy.
Soňra ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers çykyş edip, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada saparyndan hoşal bolandygyny belläp, saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Bilim we Medeniýet ministrliginde örän netijeli gepleşikler geçirendigini aýtdy.
Sara Rojers beýleki diplomatlardan tapawutlylykda, öz wezipesiniň medeni-ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrylmaga gönükdirilendigini belläp, Türkmenistana hem-de türkmen diline daşary ýurtlarda, hususan-da ABŞ-da gyzyklanmanyň barha artýandygyna ünsi çekdi.
Ol ABŞ bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky umumylyklary has-da berkitmek ugrunda iş alyp barýandyklaryny belläp, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky umumylygyň garaşsyzlyga bolan garaýşydygyny belledi.
Sara Rojers şu ýyl ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyny bellejekdigini, şeýle hem bu dabaranyň diňe ABŞ-nyň garaşsyzlygy bilen çäklenmän, eýsem, beýleki ýurtlar bilen ýola goýlan hem-de üstünlikli dowam etdirilýän ikitaraplaýyn halkara gatnaşyklarynyň üstünlikleriniň hem belleniljekdigini aýtdy. Myhman Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers 27-nji maý 10-njy iýun aralygynda Özbegistan, Nepal we Hindistan döwletlerinde hem saparda boldy.