Mikroçip enjamlaryny öndürýän Niderlandlaryň ASML kompaniýasynyň bazar gymmaty 674 milliard dollara ýetip, Ýewropanyň taryhynda iň ýokary görkeziji boldy. Maýadarlaryň garaşanyndan has köp enjam öndürmäge ukyply bolan bu tehnologiýa ägirdi gymmaty boýunça “Novo Nordisk” we SAP kompaniýalaryny yzda galdyrdy. ASML dünýäniň öňdebaryjy çip öndürijilerini (TSMC, “Samsung”, “Intel”) ýörite skanerler bilen üpjün edýän ýeke-täk kompaniýadyr.
PDF









