Taryhy pursat: Meksika dünýä çempionatyny garşylaýar

14

Şu gün, 11-nji iýunda Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Kanadanyň bilelikde guramagynda futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna badalga berilýär. Meksikanyň paýtagtyndaky meşhur «Asteka» stadionynda guraljak açylyş duşuşygynda ýer eýeleri Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysyny kabul eder. Dünýä çempionatlarynyň taryhynda ilkinji gezek 48 ýygyndy toparyň gatnaşmagynda geçirilýän bu abraýly bäsleşigiň ilkinji duşuşygy taryhy wakalara baý bolan sport desgasynda guralýar. Duşuşyklaryň dowamynda resmi taýdan «Estadio Sýudad-de-Mehiko» diýlip atlandyryljak bu arena dünýä çempionatlarynyň açylyş oýunlaryny öz taryhynda üçünji gezek kabul edýän dünýädäki ýeke-täk stadion bolar.
Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) çäklerinde geçirilýän bu sport baýramçylygynyň öňüsyrasynda guralan giň gerimli abatlaýyş işleri üçin, takmynan, 3,6 milliard peso (160 million ýewro) sarp edilip, stadionyň tomaşaçy sygymlylygy 87 müň 500 orna ýetirildi we ol Latyn Amerikasynyň iň uly sport desgasy hökmünde ykrar edildi. 1966-njy ýylda açylan we futbol dünýäsiniň iň şanly taryhyny özünde jemleýän «Asteka» stadiony 1970-nji ýylda Peläniň ýolbaşçylygyndaky Braziliýanyň, 1986-njy ýylda bolsa Diego Maradonanyň kapitanlygyndaky Argentinanyň çempionlyk kubogyny asmana göteren meşhur ýeridir. Futbol taryhynda «asyryň goly» we «Hudaýyň goly» diýlip atlandyrylan meşhur pökgüler hem hut şu meýdançada taryha girdi.
Häzirki wagtda deňiz derejesinden 2240 metr belentlikde ýerleşýän Mehiko şäherinde dünýä çempionatynyň joşguny iň ýokary derejä ýetdi. Geçen şenbe güni müňlerçe futbol muşdagy tarapyndan guralan köpçülikleýin çäreler we Ginnesiň rekordlar kitabyna girmäge dalaş edýän «Meksika tolkuny» şäherdäki baýramçylyk dabaralarynyň uly ruhubelentlige beslenýändigini görkezýär. Meksikanyň sport janköýerleri dünýä çempionatyny öz ýurdunda üçünji gezek kabul etmegiň uly buýsançdygyny we ýatda galyjy uly baýramçylyga öwrüljekdigini uly tolgunma bilen belleýärler. Paýtagtda jemi bäş duşuşygy kabul etjek bu taryhy stadion sport söýüjiler üçin ýene-de bir gezek dünýäniň üns merkezine öwrüler.