Oba hojalygynda möwsümleýin işler gyzgalaňly dowam edýär

3

8-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Il­ki bi­len, we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri se­bit­ler­dä­ki möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, se­bit­ler­de gal­la ora­gy­na gu­ra­ma­çy­lyk­ly gi­ri­şi­lip, ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak, gal­la ka­bul ediş kär­ha­na­la­ryn­da bök­denç­siz ka­bul et­mek bo­ýun­ça ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär. Şun­da oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry do­ly güý­jün­de iş­le­dil­ýär. We­la­ýat­la­ryň go­wa­ça eki­len meý­dan­la­ryn­da ha­ta­ra­ra be­jer­gi, mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek, ösüş su­wu­ny tut­mak iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça öň­de goý­lan we­zi­pe­ler­den ugur al­nyp, eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da ýaz­lyk ekin­le­re ideg et­mek, ýe­ral­ma­nyň we gök-bak­ja ekin­le­ri­niň ha­sy­ly­ny ýyg­nap al­mak iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Şeý­le hem hä­kim­ler Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, şu ýyl we­la­ýat­lar­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän des­ga­lar­da­ky gur­lu­şyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, gal­la ora­gy­nyň gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­ril­me­gi­ni, we­la­ýat­la­ryň go­wa­ça meý­dan­la­ryn­da­ky ideg iş­le­ri­niň ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da bel­le­di we bu iş­le­ri gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy. Şeý­le hem döwlet Baştutanymyz Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de we­la­ýat­lar­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­riň öz wag­tyn­da, ýo­ka­ry hil­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry T.Ata­hal­ly­ýew ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gyn­da do­wam ed­ýän möw­süm­le­ýin iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Di­ýa­ry­myz­da ýe­tiş­di­ri­len bug­daý ha­sy­ly­ny gys­ga wagt­da, ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak bo­ýun­ça iş­ler do­wam edip, möw­süm­de oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny ne­ti­je­li iş­let­mek, ýyg­na­lan ha­sy­ly gal­la ka­bul ediş kär­ha­na­la­ryn­da bök­denç­siz ka­bul et­mek üçin ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär. We­la­ýat­la­ryň go­wa­ça eki­len meý­dan­la­ryn­da ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da de­giş­li ideg iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da ýaz­lyk ekin­le­re ideg et­mek, ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly ýyg­nap al­mak iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da şa­ly eki­şi do­wam edip, Le­bap we­la­ýa­tyn­da onuň ekiş möw­sü­mi­ne taý­ýar­lyk iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýe­tiş­di­ri­len bug­daý ha­sy­ly­ny ýyg­nap al­mak bo­ýun­ça iş­le­riň hem-de go­wa­ça ideg iş­le­ri­niň bel­le­nen ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da ýo­ka­ry hil­li ge­çi­ril­me­gi­niň, Da­şo­guz we Le­bap we­la­ýat­la­ryn­da şa­ly­nyň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek üçin ze­rur çä­re­le­ri gör­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di hem-de wi­se-prem­ýe­re bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iş mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gyn­da do­wam ed­ýän möw­süm­le­ýin iş­le­re ýe­ne-de bir ge­zek ün­si çek­di hem-de bu jo­gap­kär­li möw­sü­mi ýo­ka­ry hil­li we öz wag­tyn­da ge­çir­mek üçin top­lum­la­ýyn çä­re­le­ri gör­me­gi tab­şyr­dy.