Türkmenistanyň Gyzyl kitabyndaky pyşdyllar

4

Gyzyl kitabyň sahypalaryndan

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň hemişelik sergi zalynda süýrenjileriň dürli görnüşlerini görmek bolýar we ekskursiýanyň üsti bilen gyzykly maglumatlary bilmek bolýar.
Biziň faunamyzda süýrenjileriň 83 görnüşli duş gelýär, olardan 19 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Şolaryň biri hem Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna täze girizilen Hazar we Batga pyşdylydyr.
Alymlaryň hasap etmeklerine görä dünýäde pyşdyllaryň 294 görnüşi duş gelýär. Türkmenistanyň çäginde olaryň 3 görnüşi ýaşaýar.
Pyşdyllar zyýansyz süýrenjiler, onuň çanagynyň berkdigi sebäpli duşmanlaryndan aňsatlyk bilen goranýar. Pyşdyllaryň ulusynyň agramy 2 kg-a, boýy 20 sm-e ýetýär. Pyşdylyň depe çanagy güberçekdir. Onuň öň tarapynda kellesi we iki sany dört barmakly aýagy, yzynda kiçi guýrugy hemde yzky aýaklary ýerleşýär. Ol aýagynyň kömegi bilen süýrenip ýuwaşlyk bilen ýöreýär. Daşky gaty çanagy pyşdyly diňe ýyrtyjy haýwanlardan däl, eýsem günüň jöwzaly yssysyndan hem goraýar.
Hazar we Batga pyşdyllary suwlarda duş gelýär. Olaryň barmaklarynyň arasynda ýüzüş perdejikleri bolanlygy sebäpli ýüzmäge ukyby bar we gaty çaltlyk bilen ýüzýärler, hatda käbir balyklardan hem çalt ýüzýärler. Etrek derýasynyň aşaky akymlarynda ýaşaýan hazar pyşdylynyň iýmitiniň seljerilmesi, olaryň iýmitinde, köplenç, gamşyň, haýwan iýmitiniň arasynda tomzaklaryň köpdügi, az mukdarda ýaş balyklaryň (kepir) we ýek-tük köl gurbagalarynyň, balykgulaklaryň we siňekleriň duşýandygy bellendi. Batga pyşdyllarynyň iýmiti ýeterlik öwrenilen däldir, emma olar hem, esasan, tomzaklar, kiçi gurbagalar we mollýusklar, az mukdarda ösümlik iýmiti – gamyş böleklerini iýýärler. Bu pyşdyllar suw howdanlaryň düýbüne 10-15 sm gömülip, gyş ukusyna gidýärler. Howa maýyl bolanda, mart aýyndan oktýabr aýlaryna çenli işjeň bolýarlar. Pyşdyllar 25 ýyl ýaşaýarlar we haýal ösýärler, kiçijik pyşbagalaryň boýy 4 sm-e ýetýär.
Hazar we batga pyşdyllary Etrek derýasynyň, Uly we Kiçi Delilli kölleriniň, Sumbar derýasynyň suwunyň azalmagy sebäpli Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.
Bizde ýaşaýan pyşdyllaryň ählisiniň ösüş depgini haýal geçýär. Etrek jülgesinde urkaçy hazar pyşdylynyň üstki gapagynyň uzynlygy 127,6 mm-den (karapakç) geçende, batga pyşdylynyňky 121,8 mm-e ýetende jyns taýdan ýetişýärler. Hazar pyşdyly aprel aýynyň ikinji ýarymynda birinji ýumurtgalaryny goýýar we iýunyň 8, 11, 17-ne ýumurtgalardan ilkinji ýaşajyk pyşdyljyklar çykýar. 26-njy iýunda bu pyşdylyň ýumurtga geçirijisinden 4 sany ýumurtga alyndy we olaryň ösüşi emeli şertlerde (otag temperaturasynda), iýulyň 17, 18, 20-si we 22- ine tamamlandy. Iýun we iýul aýlarynda duşýan urkaçy hazar we batga pyşdyllary ösýän follikulaly, doly ýetişen, ikinji ýa-da üçünji gezek ýumurtga goýmaga taýyn ýagdaýda bolýarlar. Urkaçy pyşdyllaryň ölçeglerine baglylykda 1-2 sany ýumurtga goýýarlar. Birinji tapgyrdaky ýumurtgalaryň sany, ikinji we üçünjidäkilere garanyňda has köp bolýar.
Alymlar dürli sebäplere görä, sany azalýan, ýa-da ýitip ýok bolmak howpy abanýan janly-jandarlaryň, ösümlikleriň genetiki gaznasyny gorap, olaryň nesliniň dowam etmegi üçin yzygiderli ylmy işleri alyp barýarlar.

Güljemal Annamyradowa,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Ülkäni öwreniş we tebigat bölüminiň uly ylmy işgäri.