Dünýä Kubogy 2026-nyň “A” toparçadaky 2-nji duşuşygynda Günorta Koreýa bilen Çehiýanyň ýygyndylary duşuşdy. Guadalahara metropolitanyndaky Estadio Akron-da oýnalan oýun çekeleşikli ýagdaýda geçdi. 44 müň 958 janköýeriň tomaşa eden oýnunda müsürli Amin Mohamed Omar jürlewük çaldy. Duşuşygyň 1-nji ýarymynda esasan hem, koreýler erjel oýun görkezse-de, hasap açylmady.
2-nji ýarymda, has takygy, 59-njy minutda Ladislaw Kreýçi kelle urgusy bilen tapawutlanyp, çehleri öňe saýlady. Ýöne 8 minutdan soň koreýler Hwan In Beom owadan gol bilen hasaby deňledi. 80-nji minutda bolsa oýna soň giren Hýeon Gýu O koreýleri öňe geçirdi. Bu koreýleriň Dünýä Kubogynyň taryhyndaky 8-nji ýeňşi boldy. Şeýlelikde, çehleri 2-1 hasabynda ýeňen koreýler 1/16 finala çykmak ugrunda uly mümkinçilik gazandy. Şol bir wagtyň özünde bu şu çempionatyň ilkinji kembegi hökmünde hasaba alyndy.
GÜNORTA KOREÝA – ÇEHIÝA: 2-1
Hwan In Beom 67, Hýeon Gýu O 80 – Ladislaw Kreýçi 59
PDF









