Konteýner gatnawlaryny amala aşyrýan «Mediterranean Shipping Co» (MSC) kompaniýasynyň ählumumy gämi gatnawynyň 21,5 göterimini amala aşyrýandygy mälim edildi. «Alphaliner» maglumat beriş kompaniýasynyň maglumatyna görä, MSC-niň deňizçilik taryhynda iň ýokary derejä ýetendigi habar berildi. Mundan ozal 2018-nji ýylda Daniýanyň «Maersk» kompaniýasy gämi gatnawynyň 19,3 göterimini amala aşyryp, rekord goýupdy. Merkezi edarasy Ženewada ýerleşýän MSC 2020-nji ýyldan başlap, flotyny giňeltmegi netijesinde iki esse ösüş gazandy.
Häzirki wagtda bu ugurda ikinji ýerde barýan «Maersk» bolsa, 2024-nji ýylda flotynyň mümkinçiligini 4,1-4,3 million TEU bilen çäklendirdi. Kompaniýa häzirki wagtda deňiz arkaly ýükleriň 13,7 göterimini gatnadýar. Bu ugurda ilkinji bäşlige «CMA CGM» (12,5%), «Cosco Shipping Group» (10,6%) we «Hapag-Lloyd» (7%) girýär.
PDF









