Norwegiýanyň Stad ýarymadasynda suw ulaglary üçin dünýäniň tunneli gurlar. Uzynlygy 1,7 kilometr boljak ýerasty suw ötügi gämileriň geçjek ýoluny ep-esli gysgaldar. Şeýle hem bu geçelge gämileri güýçli tolkunlardan gorar. Geljek ýyl gurluşygyna başlanmagyna garaşylýan taslamanyň bahasynyň 800 million amerikan dollary möçberinde boljakdygy bellenilýär. Tunneliň beýikligi 37-50 metre, ini 36 metre barabar bolar.
Ýerasty suw ötügi gurlandan soňra gämiler ýylyň belli döwürlerinde has howply bolýan Demirgazyk deňzinden geçmeli bolmazlar. Adatça, ýylyň 100 güni sebitde güýçli ýel we gom bolýar. Bu bolsa, gämi gatnawyna oňaýsyz täsir edýär.
Häzirki wagtda gämiler Stad ýarym adasynyň daşyndan aýlanmak üçin 60 kilometr töweregi ýoly geçmeli bolýarlar. Suw ulaglarynyň girmegi çäklendirilen, goralýan fýordlar hem-de deňziň suwasty relýefiniň howply ýerleri zerarly gämiler köp ýerden aýlanyp geçmeli bolýarlar. Şol sebäpli bu aralygy geçmek birnäçe sagat ýa-da gün dowam edip bilýär. Täze guruljak tunnelden bolsa, gämiler bary-ýogy 10 minutda geçerler. 2031-nji ýylda gurlup, ulanmaga berilmegine garaşylýan ýerasty gämi geçelgesi syýahatçylaryň hem gyzyklanma bildirýän ýerine öwrüler.
Mähri Kakajanowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
PDF









