Gä­mi­ler üçin tun­nel gur­lar

3

Nor­we­gi­ýa­nyň Stad ýa­ry­ma­da­syn­da suw ulag­la­ry üçin dün­ýä­niň tun­ne­li gur­lar. Uzyn­ly­gy 1,7 ki­lo­metr bol­jak ýe­ras­ty suw ötü­gi gä­mi­le­riň geç­jek ýo­lu­ny ep-es­li gys­gal­dar. Şeý­le hem bu ge­çel­ge gä­mi­le­ri güýç­li tol­kun­la­r­dan go­rar. Gel­jek ýyl gur­lu­şy­gy­na baş­lan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýan tas­la­ma­nyň ba­ha­sy­nyň 800 mil­li­on ame­ri­kan dol­la­ry möç­be­rin­de bol­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. Tun­ne­liň be­ýik­li­gi 37-50 met­re, ini 36 met­re ba­ra­bar bo­lar.
Ýe­ras­ty suw ötü­gi gur­lan­dan soň­ra gä­mi­ler ýy­lyň bel­li dö­wür­le­rin­de has howp­ly bol­ýan De­mir­ga­zyk deň­zin­den geç­me­li bol­maz­lar. Adatça, ýy­lyň 100 gü­ni se­bit­de güýç­li ýel we gom bol­ýar. Bu bol­sa, gä­mi gat­na­wy­na oňaý­syz tä­sir ed­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da gä­mi­ler Stad ýa­rym ada­sy­nyň da­şyn­dan aý­lan­mak üçin 60 ki­lo­metr tö­we­re­gi ýo­ly geç­me­li bol­ýar­lar. Suw ulag­la­ry­nyň gir­me­gi çäk­len­di­ri­len, go­ral­ýan fýord­lar hem-de deň­ziň su­was­ty rel­ýe­fi­niň howp­ly ýer­le­ri ze­rar­ly gä­mi­ler köp ýer­den aý­la­nyp geç­me­li bol­ýar­lar. Şol se­bäp­li bu ara­ly­gy geç­mek bir­nä­çe sa­gat ýa-da gün do­wam edip bil­ýär. Tä­ze gu­rul­jak tun­nel­den bol­sa, gä­mi­ler ba­ry-ýo­gy 10 mi­nut­da ge­çer­ler. 2031-nji ýyl­da gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýan ýe­ras­ty gä­mi ge­çel­ge­si sy­ýa­hat­çy­la­ryň hem gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ýe­ri­ne öw­rü­ler.

Mähri Kakajanowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.