Aýa uçuşa taýýarlyk görülýär

0

ABŞ-nyň Ae­ro­kos­mos eda­ra­sy (NA­SA) ýa­rym asyr­dan gow­rak wagt­dan soň­ra Aýa sy­ýa­ha­ty ýo­la goý­ma­gy mak­sat edin­ýär. NA­SA «Ar­te­mis» mak­sat­na­ma­sy­nyň üçün­ji tap­gy­ry bi­len kos­mo­sa git­jek eki­pa­žyň ag­za­la­ry­ny mä­lim et­di. Hýus­ton­da­ky Jon­son kos­mos mer­ke­zin­de geçirilen ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­syn­da «Ar­te­mis III» mis­si­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de Ýe­riň hem­ra­sy­na Ren­dolf Brez­nik (ser­ker­de), Lu­ka Par­mi­ta­no (Ýewropa Kosmos Agentliginden, pi­lot, italiýaly), Fran­sis­ko Ru­bio we And­re Dug­las (hü­när­men), Ro­bert Haýns bol­sa eki­pa­žyň äti­ýaç­da­ky ag­za­sy hök­mün­de ta­nyş­dy­ryl­dy. NA­SA-nyň «Ar­te­mis» mak­sat­na­ma­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Je­re­mi Par­sons uçu­şyň iki hep­de dowam etmegine ga­ra­şyl­ýan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Par­sons mis­si­ýa­nyň Aýa ama­la aşy­ryl­jak soň­ky taý­ýar­lyk uçu­şy bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di.
«Ar­te­mis III» şow­ly bo­lan ýag­da­ýyn­da «Ar­te­mis IV» mak­sat­na­ma­sy bi­len adam­zat Aýyň ýü­zü­ne aýak ba­sar. NA­SA Aý­da adam­la­ryň he­mi­şe bol­jak des­ga­sy­ny gur­mak üçin umu­my ba­ha­sy 20 mil­liard dol­lar bo­lan ma­ýa go­ýum go­ýar.
Mun­dan ozal 1-nji ap­rel­de «Ar­te­mis II» mis­si­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de uçuş ama­la aşy­ry­lyp, ast­ro­nawtlar Aýyň da­şyn­dan aý­la­nyp, yzy­na gaý­dyp­dy­lar. 10 gün do­wam eden bu uçuş­da eki­paž je­mi 1 mil­li­on 118 müň ki­lo­met­re go­laý ýol ge­çip­di hem-de Aýyň ga­raň­ky ta­ra­py il­kin­ji ge­zek ada­myň gö­zi bi­len gör­lüp­di.

Hümmet Hümmedow,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ylym neşirýatynyň hojalyk işleri boýunça müdiri.