Dünýäde kenardan uzakda, deňizde gurulýan ýel beketleriniň sany barha artýar. Ösen tehnologiýa has uly, önümçiligi ýokary bolan ýel beketlerini gurmaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, bu desgalaryň önümçilik möçberi hem ýylsaýyn ýokarlanýar. Maglumatlara görä, geçen ýyl ýel energiýasynyň ählumumy önümçilik kuwwaty 92,5 gigawata ýetipdir. Global ýel energiýasy geňeşiniň (GWEC) hünärmenleriniň taýýarlan maglumatyna görä, geçen ýylky gurlan ýel beketleri bu desgalaryň önümçilik kuwwatyny 16 göterim artdyrypdyr. Bu ugurda Hytaý iň köp suwüsti beket guran ýurt bolup, ýurt bu ugurda yzly-yzyna sekizinji ýyl öňdeligi eýeläpdir. Ýurtda önümçilik kuwwaty 6,6 gigawat bolan desgalar işe girizilip, ýel beketleriniň önümçilik kuwwaty 48,4 gigawata ýetipdir.
Ýewropada geçen ýyl 5 ýel bekedinde önümçilik kuwwaty 2 gigawata barabar bolan täze ýel beketleri işe girizilipdir. Bu görkeziji bütin dünýäde işe girizilen ýel beketleriniň bäşden birine barabardyr.
ABŞ-da bolsa, önümçilik kuwwaty 806 megawat bolan «Vineyard Wind 1» taslamasy durmuşa geçirilipdir.
Ataberdi Mommyýew,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri»
ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri.
PDF









