Suwüsti ýel energiýasy artýar

1

Dün­ýä­de ke­nar­dan uzak­da, de­ňiz­de gu­rul­ýan ýel be­ket­le­ri­niň sa­ny bar­ha art­ýar. Ösen teh­no­lo­gi­ýa has uly, önüm­çi­li­gi ýo­ka­ry bo­lan ýel be­ket­le­ri­ni gur­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şeý­le­lik­de, bu des­ga­la­ryň önüm­çi­lik möç­be­ri hem ýyl­sa­ýyn ýo­kar­lan­ýar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ge­çen ýyl ýel ener­gi­ýa­sy­nyň äh­lu­mu­my önüm­çi­lik kuw­wa­ty 92,5 gi­ga­wa­ta ýe­tip­dir. Glo­bal ýel ener­gi­ýa­sy ge­ňe­şi­niň (GWEC) hü­när­men­le­ri­niň taý­ýar­lan mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ge­çen ýyl­ky gur­lan ýel be­ket­le­ri bu des­ga­la­ryň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny 16 gö­te­rim art­dy­ryp­dyr. Bu ugur­da Hy­taý iň köp su­wüs­ti be­ket gu­ran ýurt bo­lup­, ýurt bu ugur­da yz­ly-yzy­na se­ki­zin­ji ýyl öňdeligi eýeläpdir. Ýurt­da önüm­çi­lik kuw­wa­ty 6,6 gi­ga­wat bo­lan des­ga­lar işe gi­ri­zi­lip­, ýel be­ket­le­ri­niň önüm­çi­lik kuw­wa­ty 48,4 gi­ga­wa­ta ýe­tip­dir.
Ýew­ro­pa­da ge­çen ýyl 5 ýel be­ke­din­de önüm­çi­lik kuw­wa­ty 2 gi­ga­wa­ta ba­ra­bar bo­lan tä­ze ýel be­ket­le­ri işe gi­ri­zi­lip­dir. Bu gör­ke­zi­ji bü­tin dün­ýä­de işe gi­ri­zi­len ýel be­ket­le­ri­niň bäş­den bi­ri­ne ba­ra­bar­dyr.
ABŞ-da bol­sa, önüm­çi­lik kuw­wa­ty 806 me­ga­wat bo­lan «Vineyard Wind 1» tas­la­ma­sy dur­mu­şa ge­çi­ri­lip­dir.

Ataberdi Mommyýew,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri»
ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri.