Ösüş­le­riň we yk­dy­sa­dy kuw­wa­tyň ýo­ly

1

Türkmenistanyň ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­my mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, onuň dü­zü­min­de de­mir ýol pu­da­gy aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Ýur­du­my­zyň ge­og­ra­fi­ýa taý­dan amat­ly ýer­le­şi­şi, Azi­ýa bi­len Ýew­ro­pa­nyň, De­mir­ga­zyk bi­len Gü­nor­ta­nyň ara­syn­da mö­hüm ulag ge­çel­ge­si hök­mün­de çy­kyş et­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, de­mir ýol ul­ga­my di­ňe bir içer­ki yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de däl, eý­sem, hal­ka­ra ulag-ara­gat­na­şyk ul­ga­my­ny ber­kit­mek­de hem mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da de­mir ýol inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, tä­ze de­mir ýol ugur­la­ry­ny gur­mak we hal­ka­ra üs­ta­şyr müm­kin­çi­lik­le­ri gi­ňelt­mek bo­ýun­ça uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Bu bol­sa ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ulag-lo­gis­ti­ka mer­kez­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­me­gi­ne giň ýol aç­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da bar bo­lan de­mir ýol­la­ryň uzyn­ly­gy 5173,4 ki­lo­met­re ýet­ýär, şo­la­ryň 3947,1 ki­lo­met­ri esa­sy ýol­la­ra de­giş­li­dir.
Ulag ul­ga­myn­da bir­nä­çe iri tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­len­di­gi bel­lär­lik­li­dir. Uzen – Be­re­ket – Gür­gen, Ker­ki – Ymam­na­zar – Aki­na, Aş­ga­bat – Ga­ra­gum – Da­şo­guz, Zer­ger – Ker­ki po­lat ýol­la­ry şo­la­ryň ha­ta­ryn­da­dyr. Goň­şy döw­let­le­riň de­mir ýol ul­ga­my­na bi­rig­ýän de­mir ýol­la­ryň gu­rul­ma­gy üs­ta­şyr ýük da­şa­ma­la­ryň art­dy­ryl­ma­gy­ny şert­len­dir­di.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz Ga­za­gys­tan – Türk­me­nis­tan – Eý­ran trans­mil­li po­lat ýo­ly, Ker­ki – Ymam­na­zar – Aki­na, Ser­he­ta­bat – Tur­gun­dy de­mir ýol­la­ry, Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­ty, Ow­ga­nys­tan – Türk­me­nis­tan – Azer­baý­jan – Gru­zi­ýa – Tür­ki­ýe ulag ge­çel­ge­si ar­ka­ly üs­ta­şyr ýük akym­la­ry­ny bir­leş­di­ri­ji mö­hüm ýurt hök­mün­de yk­rar edil­ýär.
Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­my­zyň de­mir ýol pu­da­gyn­da bir­nä­çe mö­hüm üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­dy. Il­ki bi­len de­mir ýol inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy ama­la aşy­ryl­dy. Tä­ze de­mir ýol men­zil­le­ri gur­lup, he­re­ket ed­ýän men­zil­le­riň dur­ky tä­ze­len­di. Ýo­lag­çy­lar üçin ýo­ka­ry amat­lyk­lar dö­re­dil­di, ýük da­şa­ma­la­ryň ne­ti­je­li­li­gi ýo­kar­lan­dy­ryl­dy.
Ikin­ji­den, hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­le­ri iş­jeň ös­dü­ril­di. Hu­su­san-da, Ga­za­gys­tan–Türk­me­nis­tan–Eý­ran hal­ka­ra de­mir ýol ge­çel­ge­si­niň işe gi­ri­zil­me­gi Azi­ýa­ny Pars aý­la­gy ýurt­la­ry bi­len bir­leş­dir­ýän iň gys­ga ulag ugur­la­ry­nyň bi­ri­niň eme­le gel­me­gi­ne ge­tir­di. Bu bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň üs­ta­şyr müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ep-es­li art­dyr­dy.
Üçün­ji­den, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy de­mir ýol hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Do­lan­dy­ryş, bi­let sat­mak we lo­gis­ti­ka ul­gam­la­ryn­da hä­zir­ki za­man san­ly çöz­güt­le­ri­ň ula­nyl­ma­gy pu­da­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­ýar.
De­mir ýol ulag­la­ry yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ry­nyň saz­la­şyk­ly iş­le­me­gi üçin ze­rur şert­le­ri dö­red­ýär. Se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň, gur­lu­şyk pu­da­gy­nyň, oba ho­ja­ly­gy­nyň we söw­da ul­ga­my­nyň önüm­le­ri­niň da­şal­ma­gyn­da de­mir ýo­luň äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr. Şeý­le hem de­mir ýol pu­da­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne, hü­när­men­le­riň taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na we se­bit­le­riň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şi­ne oňyn tä­sir ed­ýär.
Ýa­kyn­da ge­çen san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de şu ýy­lyň bäş aýyn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň jem­le­ri jem­le­n­di. Ha­sa­bat döw­rün­de De­mir ýol ulag­la­ry mi­nistr­li­gi bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len hyz­mat­la­ryň ösüş dep­gi­ni 106,8 gö­te­ri­me ba­ra­bar bol­dy. Bu gör­ke­zi­ji de­mir ýol pu­da­gynyň ösüş­le­riň aý­dyň ýo­lun­da­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň ge­og­ra­fik ýer­le­şi­şi, döw­re­bap inf­rast­ruk­tu­ra we döw­let ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän uly gol­daw ýur­du­my­zyň de­mir ýol ul­ga­my­nyň se­bit­de öň­de­ba­ry­jy orun eýe­le­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Ahmet MOKROUSOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.