Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa ulgamy milli ykdysadyýetiň esasy ugurlarynyň biri bolup, onuň düzüminde demir ýol pudagy aýratyn orun eýeleýär. Ýurdumyzyň geografiýa taýdan amatly ýerleşişi, Aziýa bilen Ýewropanyň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasynda möhüm ulag geçelgesi hökmünde çykyş etmegine mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, demir ýol ulgamy diňe bir içerki ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde däl, eýsem, halkara ulag-aragatnaşyk ulgamyny berkitmekde hem möhüm ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, täze demir ýol ugurlaryny gurmak we halkara üstaşyr mümkinçilikleri giňeltmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara ulag-logistika merkezleriniň birine öwrülmegine giň ýol açýar.
Häzirki wagtda bar bolan demir ýollaryň uzynlygy 5173,4 kilometre ýetýär, şolaryň 3947,1 kilometri esasy ýollara degişlidir.
Ulag ulgamynda birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçirilendigi bellärliklidir. Uzen – Bereket – Gürgen, Kerki – Ymamnazar – Akina, Aşgabat – Garagum – Daşoguz, Zerger – Kerki polat ýollary şolaryň hataryndadyr. Goňşy döwletleriň demir ýol ulgamyna birigýän demir ýollaryň gurulmagy üstaşyr ýük daşamalaryň artdyrylmagyny şertlendirdi.
Häzirki wagtda ýurdumyz Gazagystan – Türkmenistan – Eýran transmilli polat ýoly, Kerki – Ymamnazar – Akina, Serhetabat – Turgundy demir ýollary, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe ulag geçelgesi arkaly üstaşyr ýük akymlaryny birleşdiriji möhüm ýurt hökmünde ykrar edilýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň demir ýol pudagynda birnäçe möhüm üstünlikler gazanyldy. Ilki bilen demir ýol infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy amala aşyryldy. Täze demir ýol menzilleri gurlup, hereket edýän menzilleriň durky täzelendi. Ýolagçylar üçin ýokary amatlyklar döredildi, ýük daşamalaryň netijeliligi ýokarlandyryldy.
Ikinjiden, halkara ulag geçelgeleri işjeň ösdürildi. Hususan-da, Gazagystan–Türkmenistan–Eýran halkara demir ýol geçelgesiniň işe girizilmegi Aziýany Pars aýlagy ýurtlary bilen birleşdirýän iň gysga ulag ugurlarynyň biriniň emele gelmegine getirdi. Bu bolsa Türkmenistanyň üstaşyr mümkinçiliklerini ep-esli artdyrdy.
Üçünjiden, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy demir ýol hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Dolandyryş, bilet satmak we logistika ulgamlarynda häzirki zaman sanly çözgütleriň ulanylmagy pudagyň netijeliligini artdyrýar.
Demir ýol ulaglary ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sazlaşykly işlemegi üçin zerur şertleri döredýär. Senagat kärhanalarynyň, gurluşyk pudagynyň, oba hojalygynyň we söwda ulgamynyň önümleriniň daşalmagynda demir ýoluň ähmiýeti örän uludyr. Şeýle hem demir ýol pudagynyň ösdürilmegi täze iş orunlarynyň döredilmegine, hünärmenleriň taýýarlanylmagyna we sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine oňyn täsir edýär.
Ýakynda geçen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,8 göterime barabar boldy. Bu görkeziji demir ýol pudagynyň ösüşleriň aýdyň ýolundadygyny görkezýär. Türkmenistanyň geografik ýerleşişi, döwrebap infrastruktura we döwlet tarapyndan berilýän uly goldaw ýurdumyzyň demir ýol ulgamynyň sebitde öňdebaryjy orun eýelemegine mümkinçilik berýär.
Ahmet MOKROUSOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.
PDF









