2 gezek öňe geçse-de, ýeňiş gazanmak başartmady

8

Ýokary depginde dowam edýän Dünýä Kubogy “F” toparçada Niderlandlar bilen Ýaponiýanyň ýygyndylarynyň duşuşygynda ýeňiş gazanan bolmady. 1-nji ýarymy golsuz tamamlanan oýunda geçirilen gollaryň 4-si hem 2-nji ýarymda hasaba alyndy. 50-nji minutda Niderlandlar kapitanlary Wirgil Wan Deýkiň goly bilen öňe saýlandy. Ýöne 7 minutda soň ýaponlar Keito Nakamuranyň goly bilen hasaby deňlediler. Bu goldan 7 minut soňam Niderlandlar ýene bir ýola öňe geçdi. Bu goly 64-nji minutda Sammerwill öz adyna ýazdyrdy. Duşuşygyň tamamlanmagyna 2 minut galanda-da, Kamada kelle urgusy hasaby deňläp, toparyny ýeňlişden halas etdi. Ýaponiýanyň ýygyndysy 9 oýundan bäri Ýewropanyň ýygyndylaryndan ýeňilmän gelýär. Iki topar mundan öňem Dünýä Kubogynda duşuşypdy. 2010-njy ýyldaky şol oýunda Niderlandlar 1-0 hasabynda ýeňipdi.

“F” toparça

NIDERLANDLAR – ÝAPONIÝA: 2-2

Wan Deýk 50, Sammerwill 64 – Nakamura 57, Kamada 88