Eýranly ýazyjy Mehdi Purbilasynyň Azerbaýjanyň baý halk döredijiligine we rowaýatlaryna esaslanyp ýazan «Nar deresiniň perileri» atly täze romany okyjylar köpçüligine hödürlendi. Bu esere häzirki zaman tehnologiýalar asyrynda adamyň tebigatyndaky inçe duýgularyny, durmuşyň gymmatly pursatlaryny we sypdyrylan mümkinçiliklerini çeper sözüň üsti bilen açyp görkezýän kämil eserleriň biri hökmünde baha berilýär.
Kitapda baş gahryman Ysmaýylyň gyz doganoglany Safora bolan çagalyk söýgüsiniň üsti bilen ykbalyň çarkandakly ýollary, aýralyk hasraty we adamyň wagtyň geçmegi bilen kalbynda oýanýan aň-paýhas kämilligi beýan edilýär. Wakalaryň özenini emele getirýän dere bolsa, diňe bir rowaýaty mekan däl, eýsem, gahrymanyň öz-özi bilen ýüzbe-ýüz bolýan, durmuşyň hakykatyna göz ýetirýän ruhy akymyna öwrülýär. Eserde azerbaýjan halkynyň taryhy şahsyýetleri, aşyklary, şeýle hem asyrlardan aşyp gelen asylly däp-dessurlary, rowaýatlardaky periler we mifik gahrymanlar wakalaryň bütewüligini üpjün edýär.
Ýazyjy özüniň täze eserinde ýönekeý, emma täsirli dilden peýdalanyp, durmuşda söýginiň diňe bir gowuşmakdan ybarat däldigini, käwagt şowsuzlygyň we aýralygyň hem ynsany kämilleşdirip biljekdigini subut edýär. Müdimi gymmatlyklara sarpa goýýan «Nar deresiniň perileri» romany okyjyny daş-töweregindäki ynsanlara has ünsli bolmaga we gözden sypyp barýan gymmatly pursatlara baha bermäge çagyrýar.
PDF









