Dünýä Kubogynda uly hasaply ýeňlişden soň tälimçi wezipesinden boşadyldy

4

Dünýä Kubogynda “F” toparçanyň 2-nji duşuşygynda Şwesiýanyň ýygyndysy Tunisiň ýygyndysyny 5-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Meksikanyň Monterreý şäherindäki “Estadio BBVA” stadionynda oýnalan oýnuň 7-nji minutynda Ýasin Aýari hasaby açdy. Asly tunisli bolan 22 ýaşyndaky ýarymgoragçy geçiren golundan soň, hormat hökmünde o diýen begençli hereketler edip hem durmady. 30-njy minutda ýyldyz hüjümçi Aleksander Isak hasaby 2-0-a ýetirdi. 43-nji minutda Omar Rekik geçirdilen gollaryň biriniň öwezini dolmagy başardy. Oýnuň 59-njy minutda goragçylaryň gödek ýalňyşlygyndan soň Wiktor Gýokeres 3-nji goly derwezä girizdi. 84-nji minutda oýna giren dessine Swanberg tapawutlandy. Ýöne onuň goly ilki ofsaýt diýlip, hasaba alynmasa-da, VAR-yň duýdurmagy bilen gol hasaba alyndy. Duşuşygyň 90+6-njy minutynda hasaby açan Aýari owadan urgy bilen oýna soňky nokady goýdy. 5-1 hasabynda ýeňiş gazanan Şwesiýanyň ýygyndysy Dünýä Kubogyndaky 19-njy ýeňşini baýram etdi.

Internetde çykan habarlara görä, Tunisiň futbol federasiýasynyň ýolbaşçylary bu uly hasaply ýeňlişden soň tälimçi Sabri Lamuşiniň wezipeden boşadyldy.

“E” toparça

ŞWESIÝA – TUNIS: 5-1

Aýari 7, 90+6, Isak 30, Gýokeres 59, Swanberg 84 – Rekik 43