Türkmenistan-Malaýziýa: strategik hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri

1

Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da dün­ýä döw­let­le­ri bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek mö­hüm ugur­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ma­laý­zi­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri An­war Ib­ra­hi­miň Türk­me­nis­ta­na ama­la aşyr­ýan res­mi sa­pa­ry iki ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ta­ry­hyn­da mö­hüm wa­ka hök­mün­de aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bu sa­par di­ňe bir döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak bi­len çäk­len­män, sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy hem-de me­de­ni-ynsa­n­per­wer hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze ugur­la­ry­ny aç­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.
Türk­me­nis­tan bi­len Ma­laý­zi­ýa­nyň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­lar 1992-nji ýyl­da ýo­la go­ýul­dy. Şon­dan bä­ri iki ýurt öza­ra hor­mat goý­mak, deň­hu­kuk­ly­lyk we bi­rek-bi­re­giň içer­ki iş­le­ri­ne ga­tyş­maz­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­ýar. Hä­zir­ki wagt­da iki ýur­duň ara­syn­da sy­ýa­sy dia­log yzy­gi­der­li ös­dü­ri­lip, ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şyk­lar döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ösü­şi­ne tä­ze iter­gi ber­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan bi­len Ma­laý­zi­ýa­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ge­ri­mi ep-es­li gi­ňel­di. Esa­san hem, ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Ma­laý­zi­ýa­nyň öň­de­ba­ry­jy ener­ge­ti­ka kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­ri bo­lan «Pet­ro­nas» ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz pu­da­gyn­da köp ýyl­lar­dan bä­ri üs­tün­lik­li iş alyp bar­ýar. Kom­pa­ni­ýa­nyň ama­la aşyr­ýan iri tas­la­ma­la­ry di­ňe bir yk­dy­sa­dy ösü­şe däl, eý­sem, tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne hem go­şant goş­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 2024-nji ýy­lyň de­kabr aýyn­da Ma­laý­zi­ýa ama­la aşy­ran res­mi sa­pa­ry iki ýur­duň gat­na­şyk­la­ryn­da tä­ze sa­hy­pa­ny aç­dy. Sa­pa­ryň do­wa­myn­da ýo­ka­ry de­re­je­li gep­le­şik­ler ge­çi­ri­lip, söw­da, ma­ýa go­ýum, ener­ge­ti­ka, ulag-lo­gis­ti­ka, san­ly yk­dy­sa­dy­ýet, bi­lim we me­de­ni­ýet ugur­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça mö­hüm yla­la­şyk­lar ga­za­nyl­dy. Şeý­le-de ta­rap­lar hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar.
Ma­laý­zi­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň Türk­me­nis­ta­na hä­zir­ki sa­pa­ry şol yla­la­şyk­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da ener­ge­ti­ka, hi­mi­ýa se­na­ga­ty, ulag-lo­gis­ti­ka inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny ös­dür­mek, ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek ýa­ly me­se­le­le­riň ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Şeý­le hem tä­ze yk­dy­sa­dy baş­lan­gyç­la­ryň öňe sü­rül­me­gi we hu­su­sy pu­dak­la­ryň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar.
Ulag we lo­gis­ti­ka ul­ga­my hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi uly ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Türk­me­nis­tanyň geost­ra­te­gik ýer­le­şi­şi Ýew­ro­pa bi­len Azi­ýa­nyň ara­syn­da mö­hüm üs­ta­şyr ge­çel­ge bo­lup dur­ýar. Ma­laý­zi­ýa bol­sa Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­nyň yk­dy­sa­dy mer­kez­le­ri­niň bi­ri­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, iki ýur­duň ara­syn­da lo­gis­ti­ka we söw­da ugur­la­ryn­da tä­ze hyz­mat­daş­lyk müm­kin­çi­lik­le­ri­niň açyl­ma­gy se­bi­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge hyz­mat eder. Bi­lim we me­de­ni­ýet ugur­la­ry hem döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm bö­le­gi­ni eme­le ge­tir­ýär. Hä­zir­ki wagt­da türk­men ýaş­la­ry Ma­laý­zi­ýa­nyň ab­raý­ly ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de bi­lim al­ýar­lar. Bu ýag­daý iki ýur­duň halk­la­ry­nyň ara­syn­da dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­ma­gy­na, me­de­ni alyş-ça­l­şyň gi­ňel­me­gi­ne we hü­när­men­le­riň tä­ze nes­li­niň ke­ma­la gel­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Ma­laý­zi­ýa­nyň yk­dy­sa­dy ösüş tej­ri­be­si Türk­me­nis­tan üçin hem gy­zyk­ly bo­lup dur­ýar. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak we in­no­wa­si­on pu­dak­la­ry ös­dür­mek ba­bat­da Ma­laý­zi­ýa­nyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri iki ýur­duň hyz­mat­daş­ly­gy­nyň tä­ze ugur­la­ry­ny kes­git­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Hal­ka­ra de­re­je­sin­de hem Türk­me­nis­tan bi­len Ma­laý­zi­ýa­nyň ga­ra­ýyş­la­ryn­da köp meň­zeş­lik­ler bar. Iki ýurt pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy gol­da­ýar. Şeý­le hem BMG-niň çäk­le­rin­de öňe sü­rül­ýän baş­lan­gyç­la­ryň bir­nä­çe­si bo­ýun­ça öza­ra gol­daw be­ril­ýär. Bu bol­sa döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň yg­ty­bar­ly bin­ýa­dy­ny eme­le ge­tir­ýär.
Umu­man, Ma­laý­zi­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň Türk­me­nis­ta­na res­mi sa­pa­ry di­ňe bir iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ösü­şi­ne däl, se­bi­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­me­gi­ne hem uly go­şant go­şar. Sa­pa­ryň ne­ti­je­le­ri iki ýur­duň ara­syn­da­ky stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy has-da pug­ta­lan­dy­ryp, yk­dy­sa­dy ösüş, ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi we halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri açar. Şo­nuň bi­len bir­lik­de, bu sa­par Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä döw­let­le­ri bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk alyp bar­mak sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky aý­dyň be­ýa­ny bo­lar.

Mähri REJEPOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.