Türkmenistanyň daşary syýasatynda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň Türkmenistana amala aşyrýan resmi sapary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Bu sapar diňe bir döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen çäklenmän, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Şondan bäri iki ýurt özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we birek-biregiň içerki işlerine gatyşmazlyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Häzirki wagtda iki ýurduň arasynda syýasy dialog yzygiderli ösdürilip, ýokary derejeli duşuşyklar döwletara gatnaşyklaryň ösüşine täze itergi berýär. Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimi ep-esli giňeldi. Esasan hem, energetika pudagynda gazanylan üstünlikler munuň aýdyň subutnamasydyr. Malaýziýanyň öňdebaryjy energetika kompaniýalarynyň biri bolan «Petronas» ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda köp ýyllardan bäri üstünlikli iş alyp barýar. Kompaniýanyň amala aşyrýan iri taslamalary diňe bir ykdysady ösüşe däl, eýsem, täze iş orunlarynyň döredilmegine hem goşant goşýar.
Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň dekabr aýynda Malaýziýa amala aşyran resmi sapary iki ýurduň gatnaşyklarynda täze sahypany açdy. Saparyň dowamynda ýokary derejeli gepleşikler geçirilip, söwda, maýa goýum, energetika, ulag-logistika, sanly ykdysadyýet, bilim we medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Şeýle-de taraplar halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar.
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana häzirki sapary şol ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Gepleşikleriň dowamynda energetika, himiýa senagaty, ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmek, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek ýaly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar. Şeýle hem täze ykdysady başlangyçlaryň öňe sürülmegi we hususy pudaklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi göz öňünde tutulýar.
Ulag we logistika ulgamy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň geostrategik ýerleşişi Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda möhüm üstaşyr geçelge bolup durýar. Malaýziýa bolsa Günorta-Gündogar Aziýanyň ykdysady merkezleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasynda logistika we söwda ugurlarynda täze hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň açylmagy sebitara gatnaşyklary ösdürmäge hyzmat eder. Bilim we medeniýet ugurlary hem döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegini emele getirýär. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary Malaýziýanyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. Bu ýagdaý iki ýurduň halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna, medeni alyş-çalşyň giňelmegine we hünärmenleriň täze nesliniň kemala gelmegine ýardam berýär. Malaýziýanyň ykdysady ösüş tejribesi Türkmenistan üçin hem gyzykly bolup durýar. Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak we innowasion pudaklary ösdürmek babatda Malaýziýanyň gazanan üstünlikleri iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Halkara derejesinde hem Türkmenistan bilen Malaýziýanyň garaýyşlarynda köp meňzeşlikler bar. Iki ýurt parahatçylygy, durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy goldaýar. Şeýle hem BMG-niň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlaryň birnäçesi boýunça özara goldaw berilýär. Bu bolsa döwletara gatnaşyklaryň ygtybarly binýadyny emele getirýär.
Umuman, Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine däl, sebitara hyzmatdaşlygyň giňelmegine hem uly goşant goşar. Saparyň netijeleri iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyryp, ykdysady ösüş, maýa goýum işjeňligi we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açar. Şonuň bilen birlikde, bu sapar Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk alyp barmak syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň beýany bolar.
Mähri REJEPOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
PDF








