Ýokary depginde dowam edýän Dünýä Kubogy 2026-da 2-nji aýlawyň duşuşyklaryna badalga berildi. “A” toparçada 1-nji aýlawda utulan iki toparyň oýnunda – Çehiýa bilen Günorta Afrikanyň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşykda-da ýeňiş gazanan bolmady. Çehler 6-njy minutda Mihal Sadilegiň goly bilen öňe geçenem bolsa, afrikalylar 83-nji minutda penaltiden hasaby deňlediler. Bu goly Teboho Mokoena geçirip, toparyny çempionatda saklamagy başardy. Häzirki wagtda 2 toparyňam indiki tapgyra çykmak mümkinçiligi bar.
PDF









