Hemra Şirowyň döredijiligine bagyşlanan duşuşyk geçirildi

19

20-nji iýunda paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki sport şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda «Sungatlaryň çatrygy» atly taslamanyň esaslandyryjysy bilen Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň bilelikde guramagynda meşhur türkmen ýazyjysy, dramaturg we şahyr Hemra Şirowyň döredijiligine bagyşlanan duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragynyň ýeňijisi, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ýubileý medalyň eýesi bolan Hemra Şirow uludan-kiçi hemmeler üçin gyzykly bolan birnäçe eserleri döretdi. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili bolan H.Şirow 40 ýyldan gowrak wagtdan bäri çagalar bilen geçirilýän döredijilik duşuşyklaryna işjeň gatnaşyp gelýär. H.Şirow körpelere niýetlenen şygryýet we kyssa eserlerini döredip, edebiýat äleminde täze bir ugry emele getirdi. Adaty bolmadyk stili we galam ýörediş täri bolan şahyryň şygyrlary gyzykly wakalara baýlygy bilen körpe okyjylary özüne çekýär. Göçme manyly şygyrlaryň gahrymanlary tebigatdaky predmetler (Gün, Aý, agaç, suw…) bolup, şahyr olary şygyr setirlerinde janlandyrmak bilen, çagalar üçin täsirli wakalara öwürýär. Şahyryň eserleri rus, pars, özbek, türk, ýapon dillerine terjime edildi.


Döredijilik agşamynda ilkinji bolup ýazyjy we şahyr zenan Bahargül Kerimowa söz berildi. Onuň Hemra Şirowyň döredijilik dünýäsi barada aýdan gyzykly gürrüňlerinden soň, şahyryň goşgulary okaldy. Dabarada Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň we Mary welaýatynyň Çagalar sungat mekdebiniň Mollanepes adyndaky kitaphanasynyň işgärleriniň çykyşlary has-da täsirli boldy. Döredijilik agşamy Hemra Şirowyň sözlerine we Aýna Şirowanyň sazlaryna döredilen aýdymlar bilen dowam etdi. Döredijilik agşamynda Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynyň we Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmenleriniň kitap okamak hem-de çagalar edebiýaty baradaky gyzykly gürrüňleri uly üns bilen diňlenildi. Dabara çagalaryň halypa şahyryň goşgularyny ýatdan aýtmagy we onuň goşgularyna döredilen aýdymlaryň ýerine ýetirmegi bilen dowam etdi. Döredijilik agşamynyň dowamynda Hemra Şirowyň goşgulary esasynda taýýarlanan multfilm hem görkezildi.


Gyzykly wakalara baý döredijilik agşamy myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri döretdi. Ýazyjy, dramaturg, şahyr Hemra Şirowyň döredijiligi çagalaryň söz baýlygyny artdyrmakda, kitap okamak endigini ösdürmekde, gözýetimini giňeltmekde hem-de wagtyny peýdaly geçirmekde uly ähmiýete eýedir.