Kolumbiýada Prezident saýlawlary geçirildi

3

Kolumbiýada geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda sesleriň 99,7 göterimi sanalandan soňra, sagçy-konserwatiw ugurly «Watan goragçylary» hereketiniň dalaşgäri Abelardo de la Espriella öňe saýlandy. Ýurduň Milli saýlaw geňeşiniň deslapky maglumatlaryna görä, ol saýlawçylaryň 49,65 göteriminiň sesini alyp, özüňiň esasy bäsdeşi, häzirki wagtda dolandyryjy çepçiler blogy bolan «Taryhy pakt» bileleşiginiň wekili Iwan Sepedadardan öňe geçmegi başardy. Bäsdeşleriň arasyndaky tapawut 246 müňden gowrak sese deň boldy.
Häzirki wagta çenli saýlaw uçastoklarynyň 122 020-sinden 121 714-siniň maglumatlary işlenilip taýýarlanyldy. Hakyky diýlip ykrar edilen býulletenleriň sany 26 milliondan geçdi. Ses berişligiň deslapky netijeleri boýunça öňe saýlanan Abelardo de la Espriella saýlawçylara öz goldawlary üçin minnetdarlyk bildirip, ýurduň durmuşynda «täze tapgyryň» başlanýandygyny mälim etdi. Öz gezeginde, Iwan Sepeda deslapky netijeleri ykrar edýändigini, emma saýlawlaryň resmi netijelerine garaşmaga niýetlenýändigini aýtdy.
Prezident saýlawlarynyň gutarnykly netijeleri sesleriň resmi taýdan hasaplanmagy tamamlanandan we saýlaw edaralary tarapyndan tassyklanylandan soňra mälim ediler. Deslapky görkezijiler resmi taýdan tassyklanan ýagdaýynda, täze saýlanan döwlet Baştutany şu ýylyň 7-nji awgustynda wezipesine girişer we bu wezipedäki Gustuwo Petrony çalşar. Kolumbiýanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýurduň Prezidenti dört ýyl möhlete saýlanýar.