Köp ýurtda we şäherlerde beýleki ýerlerde gabat gelmeýän ulag serişdeleri hereket edýär. Mysal üçin, 2 gatly gyzyl awtobuslar Londonyň nyşany hasaplanýan bolsa, Tailand, Hindistan we Şri-Lanka ýaly ýurtlarda «tuk-tuklar» has ýörgünlidir. Adaty bolmadyk ulag görnüşleri syýahatçylygy ösdürmekde, ýollarda ulag dyknyşygyny azaltmakda we ýangyjy tygşytly sarp etmekde uly ähmiýete eýedir. Şeýle täsin ulaglaryň biri hem koko taksileridir.
Sürüjä we iki-üç ýolagça niýetlenen kiçijik ulaglar Kubanyň köçeleriniň bezegi hasaplanýar. Motorikşa meňzeş 3 tigirli ulag, esasan hem, Gawana, Waradero we Trinidad şäherlerinde syýahatçylary gatnatmak üçin ulanylýar. Açyk sary reňkli, ýumurtga şekilli bu ulagyň ruly edil motosikletiňki ýaly bolup, sagatda 30-40 kilometr tizlik bilen hereket edip bilýär. Özara gürrüň edip, açyk howada şäher merkezine aýlanmaga mümkinçilik berýän koko taksileri 1990-njy ýyllaryň ahyrynda oýlanyp tapylýar. Şäher içine, ýagny gysga aralyga gezelenç etmäge niýetlenen bu ulagy walensiýaly alym we oýlap tapyjy Hose Burgal Mursiano işläp düzýär. Ilkibaşda kiçi we ygtybarsyz görlen sary mototaksiler arzanlygy we münüp-düşmäge oňaýlylygy bilen kubalylaryň arasynda ýörgünli ulag serişdesine öwrülýär. Ulagyň ady «coco» (kokos) sözi bilen baglanyşykly bolup, gabarasy aýna süýüminden ýasalandyr. Sebäbi ulagyň daşky şekili tegelek görnüşde bolup, ýarymyndan kesilen kokosa meňzeýär. Sürüjiniň arkasynda uzyn oturgyjy bolan koko taksisi benzinli skuter hereketlendirijisi bilen işleýär. Oýnawaja meňzeş güýmenje ulagynyň ýükli ýagdaýdaky agramy 300-400 kilograma ýetýär. Adaty taksiler ýaly sary reňkde çykarylýan bu ulagyň arkasy saýawan şekilli bolup, ýolagçylary ýagyşdan we ýelden goraýar. Koko taksileri ýönekeý gurluşy we özboluşly görnüşi bilen şäher medeniýetiniň bir bölegini emele getirýär.
PDF









