Her ýylyň 21-nji iýunynda Halkara ýoga güni bellenilýär. 2014-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy 21-nji iýunda Demirgazyk ýarym şarda ýylyň iň uzyn gününiň bolup geçýändigi mynasybetli bu senäni yglan edýär. Hindistanyň teklip etmegi bilen bütindünýä baýramçylygyna öwrülen ýoga gününiň bu ýylky temasy «Sagdyn garrylyk üçin ýoga» bolup, tebigat bilen bedeniň arasyndaky sazlaşygy alamatlandyrýar.
Ýoga Hindistanda dörän fiziki, akyl we ruhy maşklar toplumydyr. «Ýoga» sözi sanskrit dilinden gelip çykyp, «beden bilen aňyň goşulmagy, birleşmegi» diýmegi aňladýar. 177 ýurtda bellenilip geçilýän Halkara ýoga gününde ähli ýaşdaky adamlar ruhuňy we bedeniňi rahatlandyryjy maşklar bilen meşgullanýarlar. Ýumşak hereketler we dem alyş maşklary arkaly ýerine ýetirilýän ýoga deňagramlylygy, çeýeligi gowulandyryp, stresi azaltmaga hem-de beýniniň işjeňligini ösdürmäge ýardam edýär.
Ýoganyň saglyga peýdasy
Çeýeligi we deňagramlylygy gowulandyrýar. Ýoga maşklarynyň esasy bölegi myşsalaryň dartylmagyny öz içine alýar. Bu bolsa bedeniň çeýeligini we deňagramlylygyny güýçlendirýär. Hünärmenler 65 ýaşdan uly adamlara çeýeligi we deňagramlylygy kadaly ýagdaýda saklamak üçin ýoga bilen meşgullanmagy maslahat berýärler.
Stresiň we dartgynly ýagdaýyň öňüni almaga ýardam edýär. ABŞ-da geçirilen barlaglarda uzak wagtlap ýoga bilen meşgullanmagyň stresden we dartgynly ýagdaýdan halas bolmaga ýardam edýändigi ýüze çykaryldy. Meditasiýa we dem alyş maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirýän adamlar has şadyýan we şähdaçyk bolýarlar.
Agyrylary aýyrmaga kömek edýär. Uzakly gün tehnologik enjamlar bilen işlenilende bogunlarda we myşsalarda agyrylar döreýär. Bu agyrylary ýoga bilen meşgullanmak arkaly aradan aýryp bolýar. Şeýle hem käbir keselden ýa-da döwük-ýenjik şikesinden soňky bejergilerde hem ýoga bilen meşgullanmak maslahat berilýär.
Ýürek-damar ulgamynyň işini gowulandyrýar. «Ýoga dem alyş maşky» diýlip atlandyrylýan pranaýama ýogasy kadaly dem almaga ýardam edip, ýürege, beýnä we öýkene barýan kislorod akymyny gowulandyrýar.
Immuniteti güýçlendirýär. Stres, dowamly agyrylar we ruhy çökgünlikler bedeni gowşadyp, saglyk bilen bagly dürli nähoşluklara getirip bilýär. Ýoga bu ýagdaýlaryň öňüni alyp, immuniteti güýçlendirmäge goldaw berýär.
Kadaly uklamaga ýardam edýär. Ýoga bilen meşgullanýanlar çalt uka gidýärler. Munuň sebäbi ýoganyň adamy ruhy taýdan rahatlandyrýandygy we stresi azaldýandygy bilen düşündirilýär.
Mundan başga-da, ýoga horlanmaga, artykmaç ýagy azaltmaga, böwreküsti mäziň işini kadalaşdyrmaga, gan basyşyny peseltmäge we iýmit siňdirişi ýeňilleşdirmäge ýardam edýär. Hünärmenler hepdede azyndan 2 gün açyk howada ýoga bilen meşgullanmagy maslahat berýärler.
PDF









