Halkara ýoga güni

0

Her ýy­lyň 21-nji iýu­nyn­da Hal­ka­ra ýo­ga gü­ni bel­le­ni­lýär. 2014-nji ýyl­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy 21-nji iýun­da De­mir­ga­zyk ýa­rym şar­da ýy­lyň iň uzyn gü­nü­niň bo­lup geç­ýän­di­gi my­na­sy­bet­li bu se­nä­ni yg­lan ed­ýär. Hin­dis­ta­nyň tek­lip et­me­gi bi­len bü­tin­dün­ýä baý­ram­çy­ly­gy­na öw­rü­len ýo­ga gü­nü­niň bu ýyl­ky te­ma­sy «Sag­dyn gar­ry­lyk üçin ýo­ga» bo­lup, te­bi­gat bi­len be­de­niň ara­syn­da­ky saz­la­şy­gy ala­mat­lan­dyr­ýar.
Ýo­ga Hin­dis­tan­da dö­rän fi­zi­ki, akyl we ru­hy maşk­lar top­lu­my­dyr. «Ýo­ga» sö­zi sansk­rit di­lin­den ge­lip çy­kyp, «be­den bi­len aňyň go­şul­ma­gy, bir­leş­me­gi» diý­me­gi aň­lad­ýar. 177 ýurt­da bel­le­ni­lip ge­çil­ýän Hal­ka­ra ýo­ga gü­nünde äh­li ýaş­da­ky adam­lar ru­hu­ňy we be­de­ni­ňi ra­hat­lan­dy­ry­jy maşk­lar bi­len meş­gul­lan­ýar­lar. Ýum­şak he­re­ket­ler we dem alyş maşk­la­ry ar­ka­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän ýo­ga de­ňag­ram­ly­ly­gy, çe­ýe­li­gi go­wu­lan­dy­ryp, stre­si azalt­ma­ga hem-de beý­ni­niň iş­jeň­li­gi­ni ös­dür­mä­ge ýar­dam ed­ýär.

Ýo­ga­nyň sag­ly­ga peý­da­sy
Çe­ýe­li­gi we de­ňag­ram­ly­ly­gy go­wu­lan­dyr­ýar. Ýo­ga maşk­la­ry­nyň esa­sy bö­le­gi myş­sa­la­ryň dar­tyl­ma­gy­ny öz içi­ne al­ýar. Bu bol­sa be­de­niň çe­ýe­li­gi­ni we de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny güýç­len­dir­ýär. Hü­när­men­ler 65 ýaş­dan uly adam­la­ra çe­ýe­li­gi we de­ňag­ram­ly­ly­gy ka­da­ly ýag­daý­da sak­la­ma­k üçin ýo­ga bi­len meş­gul­lan­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­ler.
Stre­siň we dart­gyn­ly ýag­da­ýyň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. ABŞ-da ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da uzak wagt­lap ýo­ga bi­len meş­gul­lan­ma­gyň stres­den we dart­gyn­ly ýag­daý­dan ha­las bol­ma­ga ýar­dam ed­ýän­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Me­di­ta­si­ýa we dem alyş maşk­la­ry­ny yzy­gi­der­li ýe­ri­ne ýe­tir­ýän adam­lar has şa­dy­ýan we şäh­da­çyk bol­ýar­lar.
Agy­ry­la­ry aýyr­ma­ga kömek ed­ýär. Uzak­ly gün teh­no­lo­gik en­jam­lar bi­len iş­le­ni­len­de bo­gun­lar­da we myş­sa­lar­da agy­ry­lar dö­re­ýär. Bu agy­ry­la­ry ýo­ga bi­len meş­gul­lan­mak ar­ka­ly ara­dan aý­ryp bol­ýar. Şeý­le hem kä­bir ke­sel­den ýa-da dö­wük-ýen­jik şi­ke­sin­den soň­ky be­jer­gi­ler­de hem ýo­ga bi­len meş­gul­lan­mak mas­la­hat be­ril­ýär.
Ýü­rek-da­mar ul­ga­my­nyň işi­ni go­wu­lan­dyr­ýar. «Ýo­ga dem alyş maş­ky» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan pra­na­ýa­ma ýo­ga­sy ka­da­ly dem al­ma­ga ýar­dam edip, ýü­re­ge, beý­nä we öý­ke­ne bar­ýan kis­lo­rod aky­my­ny go­wu­lan­dyr­ýar.
Im­mu­ni­te­ti güýç­len­dir­ýär. Stres, do­wam­ly agy­ry­lar we ru­hy çök­gün­lik­ler be­de­ni gow­şa­dyp, sag­lyk bi­len bag­ly dür­li nä­hoş­luk­la­ra ge­ti­rip bil­ýär. Ýo­ga bu ýag­daý­la­ryň öňü­ni alyp, im­mu­ni­te­ti güýç­len­dir­mä­ge goldaw berýär.
Ka­da­ly uk­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Ýo­ga bi­len meş­gul­lan­ýan­lar çalt uka gid­ýär­ler. Mu­nuň se­bä­bi ýo­ga­nyň ada­my ru­hy taý­dan ra­hat­lan­dyr­ýan­dy­gy we stre­si azald­ýan­dy­gy bi­len dü­şün­di­ril­ýär.
Mun­dan baş­ga-da, ýo­ga hor­lan­ma­ga, ar­tyk­maç ýa­gy azalt­ma­ga, böw­re­küs­ti mä­ziň işi­ni ka­da­laş­dyr­ma­ga, gan ba­sy­şy­ny pe­selt­mä­ge we iý­mit siň­di­ri­şi ýe­ňil­leş­dir­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Hü­när­men­ler hep­de­de azyn­dan 2 gün açyk ho­wa­da ýo­ga bi­len meş­gul­lan­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­ler.