Marokkonyň ýygyndysy geçen çempionatdaky ýaly, Niderlandlar öýlerine gaýtdylar

6

Dünýä Kubogynda Germaniýanyň 1/16 finalda utulmagyndan soň, Ýewropanyň ýene bir öňdebaryjy futbol wekili üçin çempionat garaşylyşyndan ir tamamlandy.

Dünýä Kubogynda 3 gezek finala çykyp, çempionlyk gazanyp bilmedik ýeke-täk ýygyndy bolan Niderlandlardan şu ýaryşda azda-kände tama bardy. Iň bolmanda, çärýek finala gelmegine garaşylýardy. Ýöne toparçadaky oýunlarynda kynçylyk çekmän 1/16 finala çykan Niderlandlaryň bijesine bu tapgyrda Marokko gabat geldi. Marokko 4 ýyl öňki çempionatda Ýewropanyň esasy ýygyndylaryny ýaryşdan çykaryp, 4-nji orny eýeläpdi.

Bu gezekki garşydaş Niderlandlar boldy. Meksikanyň Monterreý şäherinde geçirilen oýnuň 1-nji ýarymynda hasap açylmady. 2-nji ýarymda, has takygy, 72-nji minutynda Kodi Gakpo Niderlandlary öňe geçirdi. Ýyldyz oýunçynyň 3-4 gün öň dünýä inmedik çagasy aradan çykypdy we ol goldan soň duýguly pursatlary başdan geçirdi.

Şu tapgyrda 90-njy minutdan soň gol geçirmek däbe öwrülip barýar we bu statistika Niderlandlar-Marokko duşuşygynda hem hasaba alyndy. Oýnuň 90+1-nji minutynda goragçy Issa Diop kelles urgusy bilen tapawutlanyp, hasaby deňledi. Şondan soň goşmaça 30 minut berlip, onda üýtgän zat bolmady.

Ýene-de ýeňijini penalti urgulary kesgitlemeli boldy. Penalti urgularynda Niderlandlardan Koopmeýners bilen Weghorst dürs ýerine ýetirdi. Kluiwert, Timber hem-de Sammerwilliň urgulary takyk bolmady. Marokkoda bolsa Rahiminiň, Talbiniň hem-de Saibariniň urgulary dürs bolup, El-Aýnaui bilen Hakiminiň urgulary derwezä girmedi.

Şeýlelikde, Morokkonyň ýygyndysy bassyr 3-nji, umumylykda 7-nji gezek gatnaşýan ýaryşynda yzly-yzyna 2-nji sapar 1/8 finala adyny ýazdyrdy.

Niderlandlaryň ýygyndysy üçin bolsa ýene bir çempionat ir tamamlandy.