Dünýä Kubogynyň iň şowsuz topary

8

Dünýä Kubogynyň belki-de iň şowsuz toparlarynyň biri Şotlandiýanyň ýygyndysydyr. Munuň özüne ýetesi sebäbi bar. Geliň, muňa bilelikde gysgaça ser salalyň.

Olaryň Dünýä Kubogy başdan geçirmesi aslynda, 1950-nji ýylda başlanýar. Ýöne olar bu çempionata gatnaşmaga hukuk gazansalaram, düşünişmezlik sebäpli Braziliýa gitmekden ýüz öwürýärler.

1954-nji ýyldaky çempionat olaryň ilkinji wekilçilik eden Dünýä Kubogy bolýar. Soňra 1958-nji ýylda-da gatnaşýar. Ikisinde-de ýeňiş gazanmak başartmaýar. Soňra şotlandlar 3 çempionaty goýberip, 1974–1990-njy ýyllar aralygyndaky 5 Dünýä Kubogynda çykyş edýär. 1994-nji ýylda ABŞ-daky ýaryşa gelip bilmeýär. 8 ýyllyk arakesmeden soň, 1998-nji ýylda Fransiýadaky çempionata wekilçilik edýär. Ýöne şondan soň welin, şotlandlar üçin Dünýä Kubogy ýat bolýar. Tä, şu ýylky çempionata çenli. 6 Dünýä Kubogyny goýberip, 28 ýyldan soň gatnaşylan çempionatdan janköýerleriň tamasy uly bolýar. Sebäbi toparyň düzüminde MakTomineý, MakGinn, Endi Robertson, Lawrens Şankland ýaly öz klublarynda üstünlikli çykyş edýän oýunçylar, şol sanda köp wagtdan bäri tälim berip gelýän tälimçisi bardy. Ýöne olaryň bijesine ýeňil bolmadyk toparça düşýär. Toparçada Braziliýa, Marokko hem-de Gaitiniň ýygyndylary bolup, çempionatdan öň bilermenler Şotlandiýanyň diňe olaryň iň soňkusyny ýeňip biljegine ynam bildirilýär we bu şeýle-de bolýar. Belki-de beýleki ikisiniň biri bilen deňme-deň galyp, gazanyljak 1 utuk olaryň keç ykbalyny üýtgedip bilerdi diýilýär.

Ýöne ýene-de bolmaýar. Şotlandiýanyň ýygyndysy Braziliýa bilen Dünýä Kubogynyň çägindäki özara 5-nji duşuşykda 4-nji gezek ýeňlişe sezewar bolýar. Marokkodan hem edil 1998-nji ýyldaky (3-0) hasap bilen bolmasa-da, bu sapar asgyn gelýär (1-0).

Şotlandiýanyň ýygyndysy 23 Dünýä Kubogynyň 9-synda çykyş edýär. Şolaryň ählisiniň birmeňzeş ýeke-täk aýratynlygy bar. Ol hem Şotlandiýanyň ýygyndysyna şol 9 çempionatda-da toparçadan çykmak başartmaýar. Bu görkeziji antirekorda deň hasaplanýar. Şu gezek bolar diýlip, uly umyt bildirilse-de, bu sapar hem arzuw paşmaýar. Ýogsam bu gezek golaý hem gelinýär. Toparçada Gaitini 1-0 hasabynda ýeňen Şotlandiýanyň milli ýygyndysy 3-nji ýeri eýelänleriň arasynda iň gowy 8 toparyň hataryna girmek üçin az hem bolsa garaşýar. Emma gazanylan 3 utuk we -4 gol aratapawudy olara ýetmeýär. Aslynda iň gowy 8 toparyň arasyna girenleriň 7-si 4 utuk bilen 1/16 finala çykyp, 3 utuk bilen ýaryşy dowam eden diňe Senegal bolýar. Hatda 3 oýunda deňme-deň oýnan Eýranyň ýygyndysy hem çempionatda toparçalardan aňrysyna geçip bilmeýär.

Mahlasy Şotlandiýa üçin ýene bir çempionat olaryň isleýşi ýaly tamamlanmaýar. Iň bolmanda, 1/16 finala çykmak arzuwy indiki çempionatlara galýar.

Şotlandiýanyň ýygyndysynyň Dünýä Kubogynda 26 duşuşygy bolup, şolaryň 5-sinde ýeňiş gazanýar, 7-sinde deňme-deň oýnap, 14-sinde-de utulýar (26-45 gol).

Çempionatdan soň milli ýygyndynyň tälimçisi Stiw Klark topardaky 7 ýyllyk başdan geçirmesini tamamlap, wezipesini taşlady. Ol 2019-njy ýylda bu wezipä bellenipdi. Ol topara 81 oýunda tälimçilik edip, bu görkeziji milli ýygyndynyň rekordyna deňdir. 81 duşuşygyň 36-synda ýeňiş gazanan şotlandlar 29 oýunda utuldy (16 deňlik).

Gazetiň sport synçysy