Gyr aýrygy

8

Gyr aýraklary örän dogumly, çalasyn we ýüwrük haýwandyrlar. Daglaryň kertlerinden, iri daşly ýapgytlardan aňsat inmegi, dik ýapgytly daglara çykmagy başarýandyrlar. Gyssananlarynda dagyň 1-5 metre çenli dik kert ýerlerine böküp çykyp bilýärler. Onlarça metr beýiklikden aşaklygyna säginmän böküp bilýändirler. Düşjek ýeri daşlyk, ýylgyr gaýa bolsa-da, ilki şahlarynyň üstüne düşip, aşyr atyp ýene-de aýaklarynyň üstüne galyp gaçmagyny dowam edip bilýändirler. Gyr aýraklarynyň sesi goýunlaryň mäleýişlerini ýadyňa salýar. Bu jandarlar adamy 2 kilometr aralykdan görmegi başarýarlar. Ys alşynyň ösenligi sebäpli, duşmanlaryna şemalyň öwüsýän tarapyndan golaýlaşmaga ýol bermeýärler. Eşidiş ukyby hem güýçli bolansoň, assyrynlyk bilen hereket etmäge çalyşýarlar. Olar käbir ýabany haýwanlaryň aňsat barmaýan, daglaryň beýik ýerlerindäki ot-çöpli ýerlerde ýaşaýarlar. Şol ýerler olara goranmak üçin hem amatly bolýar. Dag-daşlardan syzylyp çykýan çeşmeler olary suwdan hor etmeýärler.
Gyr aýryklar ýylyň köp böleginde süri bolup gezýärler. Goça gelýän döwründe her sürüde 20-ä golaý aýryklar bolup, sürä iň güýçli uly goç aýraklar serdarlyk edýärler. Ene aýryklaryň goça gelýän döwri oktýabr aýynyň 2-nji ýarymynyň dekabr aýyna çenli dowam edip, ilkinji aýrak owlajyklary eýýäm aprel aýyndan peýda bolup başlaýar. Owlaklar köplenç ekiz dünýä inýär. Gyr aýryklary tomsuň yssy günlerinde wagtlaryny günuzyn gaýalaryň, uly daşlaryň salkyn kölegelerinde kölegeläp geçirýärler. Özleri hem käwagtlar ýaz, tomus aýlary sakyrtgalamakdan ejir çekýärler.
Gyr aýryklarynyň esasy ýagysy möjekler bolsa-da, möjekleriň pidasy bolýan wagtlaryna duşmak örän kyndyr. Aýraklaryň owlajyklary üçin tilki, şagal, bürgüt ýaly ýyrtyjylar howplydyr.
Gyr aýryklarynyň baş sanlarynyň saklanmagyna we köpelmeklerine esasan olaryň gezýän, suwlaýan ýerlerinde mallaryň bakylmagy täsir edýär.
Gyr aýraklaryny goramak we olaryň sanyny köpeltmek işleri ýörite döredilen döwlet goraghanalarynda zähmet çekýän işgärleriň baş wezipeleri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmaklarynda ösümlik we haýwanat dünýämizi goramak barada döwlet derejelerindäki edilýän aladalaryň netijesinde gyr aýraklaryň baş sanynyň ep-esli artýandygyny bellemek gerek.

Rejepgül Huddyýewa, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebep welaýat bölüminiň hünärmeni.