Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz taryhynyň iň nurana we özgertmelere baý döwrüni başdan geçirýär. Halkymyzyň asyrlardan gözbaş alýan milli-ruhy gymmatlyklaryna, asylly däp-dessurlaryna ygrarlylygy bu gün taryhy wakalaryň üsti bilen täze many-mazmuna eýe bolýar. Ýakynda Arkadag şäherinde 30 müň adama niýetlenen täze metjide
«Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip at berilmegi kalby imanly, ýüregi Watana söýgi bilen urýan her bir ynsanyň buýsanjyny goşalandyrdy.
Häzirki döwürde Gahryman hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly hajy Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary bilen ýurdumyzda döwlet syýasaty rowaçlyklara beslenýär. Ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän döwlet syýasaty halkymyzyň milli özboluşlylygyny kepillendirip, türkmen halkynyň dünýä medeniýetinde eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýar. Şunda asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlar jemgyýetiň ruhy taýdan sagdyn ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda musulman dünýäsine mahsus ýörelgeleriň rowaçlanmagy, isleg bildirýän ildeşlerimiziň haj parzyny berjaý etmekleri ugrunda ýokary derejeli şertler döredilýär. Ruhy ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza goýulýan gadyr-gymmat hajy Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly hajy Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň özenidir. Häzirki döwürde jemgyýetimizde sogaply işleriň amal edilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigi örän buýsandyryjydyr. Hajy Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Arkadag şäherinde «Allanyň öýüniň» gurluşygy bu ýerde amal ediljek ýagşy işlere-de badalga berer.
Metjidiň bu taryhy ady götermezinden öň, halkymyzyň arasynda giňden maslahatlaşylmagy, il sylagly ýaşulularyň, dindarlaryň we jemgyýetçilik wekilleriniň teklipleri esasynda bellenilmegi uly mana eýedir. Bu at tötänleýin däl-de, halkyň Milli Liderine bolan çäksiz söýgüsiniň, ynamynyň we minnetdarlygynyň aýdyň beýanydyr.
Arkadagyň ruhy metjidi diňe bir binagärlik sungatynyň täsin nusgasy däl-de, eýsem, halkymyzyň geçmiş taryhyna we geljegine goýulýan sarpanyň ruhy köprüsidir. Türkmen halky taryhyň dowamynda öz mukaddesliklerini gorap gelipdir.
Milli Liderimiziň halkyň we Watanyň öňünde bitiren beýik hyzmatlaryny dabaralandyrýan bu mukaddes at geljekki nesiller üçin nusgalyk mekdepdir. Çünki «Arkadagyň ruhy metjidi» diýen atlandyrma ýaş nesillere döwletliligiň we özara jebisligiň nähili belent derejelere ýetip biljekdigini görkezýän hakyky nusgadyr.
Arkadagyň ruhy metjidi binagärlik gözelligi bilen hem haýran galdyrýar. Onuň ak mermerli diwarlary, asmana göterilýän minaralary we içki bezegleri ynsana kalp rahatlygyny bagyşlaýar.
Halkymyzyň islegi we goldawy bilen «Arkadagyň
ruhy metjidi» diýlip atlandyrylan bu mukaddes bina Garaşsyz Türkmenistanyň ruhy kuwwatynyň, döwlet we halk agzybirliginiň ebedi subutnamasy bolup dabaralanar.
Mamajan HAÝTMURADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
PDF









