2000-nji ýyllarda Maýagül Annaýewany ilkinji gezek sahnada gören tomaşaçy ony hindi filmlerindäki mährem we syrly zenanlara meňzedýärdi. Aktrisanyň saldamly hem agras hereketleri asuda ýaňlanýan hindi mukamlarynyň inçe owazyny ýada salýardy. Parahat hem çuňňur duýguly bu zenan sahnada diňe bir keşp janlandyrman, eýsem, ynsan ykbalynyň iň inçe tarlaryny sarsdyrmagy başarýan özboluşly bir sungat dünýäsini görkezýärdi.
Türkmenistanyň at gazanan artisti Maýagül Annaýewa, eýýäm, çärýek asyrdan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň sahnasynda tomaşaçylaryň söýgüsini gazanyp gelýär. Onuň keşplerindäki akýüreklilik, enelik mähri we professional ussatlyk her bir tomaşaçynyň kalbynda öçmejek yz galdyrýar. Sungat ýolunda çeken zähmetine döwletimiz we halkymyz tarapyndan hemişe ýokary baha berlip gelinýän aktrisa 2007-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldy, 2008-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. 2009-njy ýylda oňa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen belent at dakyldy. Şeýle-de 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» ýubileý medaly, 2019-njy ýylda bolsa «Watana bolan söýgüsi üçin» medal bilen sylaglandy. Bu sylaglar oňa täze döredijilik gözlegler üçin uly ruhy güýç berýär. Biz bu gün zehinli aktrisa Maýagül Annaýewa bilen onuň sungat ýoly, täze goýlan «Ak at» spektakly we artist käriniň görünmeýän, emma kalbyň iň inçe duýgularyna aralaşýan taraplary barada söhbetdeş bolduk.

– Maýagül, ilki bilen sizi ýakynda sahna çykan «Ak at» spektaklyndaky şowly keşbiňiz bilen gutlaýarys. Jemal enäniň hasratyny tomaşaçy öz hasraty ýaly kabul etdi. Söhbedimiziň başynda sungat dünýäsine ilkinji ädimleriňiz barada ýatlasaňyz?
– Sag boluň! “Sungata tötänleýin düşen adamlar uzak eglenmeýär” diýen bir pähim bar. Hakykatdan-da sungat dünýäsinde diňe oňa ýürekden wepalylar saklanyp galýar. Meniň durmuşymda teatr tötänlik däl-de, kalbymyň saýlawy, ruhumyň hakyky ýoly boldy. Aslynda, hemme zat mekdep ýyllaryndan başlandy. Şol döwürler dürli baýramçylyklara, dabaraly çärelere işjeň gatnaşardym. Bir gyzykly waka ýadymda: 9-njy maýda Ýeňiş güni mynasybetli mekdebimizde dabaraly ýöriş guraldy. Men harby lybasly 10-15 sany gyzyň başyny çekip, «Katýuşa» aýdymyny aýdyp geçipdim. Häzirem paradyň gahrymançylykly owazlaryny eşidenimde, çagalyk ýyllarym, maý dabaralary göz öňüme gelýär. Soňra mekdebiň folklor toparyna, yzy bilen bolsa Gyzylarbadyň «Köpetdag» folklor ansamblyna saýlandym. Mekdebi gutarjak döwrümiz mugallymlarym menden: “Maýa, öň rus dili mugallymy bolmakçydyň, entegem şol pikiriňdemiň?” diýip sorapdylar. Men bolsa: “Ýok, indi beýle däl” diýip jogap berdim. Sebäbi şol wagtlar meniň aklymda, kalbymda takyk ylymlardan sowlup, öz içki dünýämi we zehinimi erkin görkezip biljek has döredijilikli bir hünäri saýlamak höwesi bardy.
Ine, şeýlelikde, 1995-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutyna resminamalarymy tabşyrmaga gitdim. Horeografiýa bölümine girjekdim, emma şol ýyl ol bölüm ýok eken. Seretsem, drama aktrisalygy bölümi bar. Öz-özüme: «Näme üçin synanyşyp görmeli däl?» diýdim. Çagalykda artist bolaryn diýen kesgitli arzuwym ýokdy, ýöne ejem häzir hem «Seni telewizoryň öňünden zordan aýyrýardyk, spektakllary, çykyşlary gözüňi gyrpman görerdiň» diýip ýatlaýar. «Ýaşlyk» teleýaýlymyna beren interwýumda-da aýdyşym ýaly, häzir hem şol pikirimde galýaryn: aslynda, men teatry saýlamadym, tersine, sungatyň, esasan hem, teatryň özi meni saýlapdyr. Meni bu sungat ýoluna ykbalymyň özi alyp geldi.
– Talyplyk ýyllary islendik hünärmeniň kämilleşýän, käte bolsa durmuşyň synaglary bilen ýüzbe-ýüz bolýan döwri. Sizde bu menzil nähili geçdi we işe ilkinji başlan ýyllaryňyzda size kimler ýol görkezdi?
– 1995-nji ýyl her birimiz üçin özboluşly bir döwürdi. Elbetde, şol wagtlar talyplyk durmuşynyň özüne görä kynçylyklary, maddy taýdan tygşytlylygy talap edýän şertleri bardy. Ýöne men maşgalama agram salmazlyk üçin, özbaşdaklyga ir öwrenişdim. Teatrdaky kärdeşim Gülälek Akmyradowa bilen aramyzda bir ýyl bar, şol döwrüň gyzykly hem sabyrlylygy talap edýän menzillerini umumyýaşaýyş jaýynda bile geçiripdik.
Käte ilkinji ädimler bolansoň, öýümizdäkileri küýsäp, tolgunýan pursatlarym hem boldy. Sebäbi bu meniň özbaşdak durmuşa ilkinji ädimimdi, her bir zady içimden geçirip, gaty emosional kabul edýärdim. Ýöne meni teatrdaky täsin bir güýç saklap galdy. Şol güýç meniň hakyky “menimi” tapmaga kömek etdi.
Institutda bizi Türkmenistanyň halk artisti Nurmuhammet Keşşikow, Öwez Şarlyýew we Türkmenistanyň at gazanan artisti Oguljan Nyýazberdiýewa ýaly atly-abraýly halypalar okatdy. Nurmuhammet mugallymyň hemişe aýdýan bir sözi bardy: «Eger şu käri saýlan bolsaňyz, ýüregiňiz bilen ýapyşyň. Onuň ähli kynçylyklaryna, şowly we şowsuz günlerine taýyn boluň» diýerdi. Oguljan Nyýazberdiýewa bolsa bize sahna dilinden sapak berende: «Zenan maşgala üçin artist bolmak gaty kyn. Sahnany saýlasaňyz, köp kynçylyklara, polat ýaly erke we käwagt ýalňyzlyga taýyn bolmaly bolarsyňyz» diýip, durmuşyň hakykatyny öwrederdi. Ýaşlyk ýyllarymda maşgala gurmak, durmuşyň adaty akymynda ýaşamak barada oýlanan pursatlarym hem boldy. Emma sahnanyň özüne çekiji güýji, sungata bolan çäksiz wepalylygym ýüregimi bütinleý özüne bende etdi we ykbalymyň uly bölegini özüne baglady.
Okuwy 1999-njy ýylda gutardym. Medeniýet institutynda diplom spektaklymyz görkezilende teatryň ýolbaşçylary gelip görýärler. Şonda meni we topardaşym Suraý Çaryýewany Mollanepes teatryna saýlan ekenler, ýöne meniň mundan ilki habarym ýokdy. Birnäçe günden soň maňa Mollanepes teatryndan habar geldi. Welmyrat Amanow halypamyz birnäçe ýyldan soň: «Biz seni şobada saýlapdyk, ýöne habar saňa giç barypdyr» diýip aýtdy.
Teatra gelen ilkinji günümden meni bu sungata ruhlandyran ynsanlar, teatrda öçmejek yz galdyran uly halypalar boldy. Olaryň sahnada işleýiş usuly, aktýora çemeleşişi biziň üçin özboluşly mekdepdi. Şol döwrüň halypalary täze gelen ýaşlarda sähelçe bir yhlas, sahnada zehin görseler, ýanyna çagyryp, keşp barada ýörite sapak geçerdiler. Olar: «Sen bu ýerde kim? Seniň bu ýerde wezipäň näme?» diýen sowallary orta atyp, bizi oýlandyrardylar. Sahnada repetisiýa gidip durka Ýelizaweta Garaýewa, Oguldurdy Mämmetgulyýewa ýaly ägirtleriň işleýşini haýran galyp synlardyk. Olaryň sahna bolan mukaddes gatnaşygy biziň durmuşymyzy üýtgetdi. Şeýle hem uly ussadymyz Annamyrat Berdiýew, Çary Seýitliýew, Juma Kowusow we Muhammet Bekiýew dagylar bilen filmlere ses bermek (dublýaž) sungatynda belli bir döwür bile zähmet çekendigime buýsanýaryn.
Sahna mukaddes zat. Mukaddesligi bolsa şonda: sahnada adam ykbaly, ynsan ömri görkezilýär. O taýda ölüm hem bar, direliş hem bar, şatlyk hem-de gaýgy bar. Ähli zadyň jogaby şo ýerde çözülýär. Şoňa görä, sahna biperwaý garamak bolmaýar. Men köp şükür, halypalarymdan ak ýürek bilen hyzmat etmegi öwrendim.
– Halypalaryňyzyň öňünde ýaş aktrisa hökmünde ilkinji synagyňyz nähili geçdi? Sahnadaky ilkinji keşbiňiz we şol wagtky duýgular häzirem ýadyňyzdamy?
– 1999-njy ýylyň awgustynda işe başladym. Göni «Nejep oglan» spektaklynyň repetisiýasyna saldylar. Sahnada Oraz Arrýkow, Bally Ýakubow, Annamyrat Myradow, Myrat Berdiýew ýaly teatr ägirtleri bardy. Olaryň öňünde ýaş aktrisa hökmünde uly jogapkärçilik duýdum, içki çekinjeňligimi ýeňip geçmek meniň üçin hakyky synag boldy. Sahnadaky ikinji gatnaşan uly oýnum bolsa ispan dramaturgynyň dünýä belli nusgawy eseri – Federiko Garsia Lorkanyň «Bernarda Albanyň öýi» spektakly boldy. Şol spektaklda baş keşbi uly ussadymyz Ýelizaweta Garaýewa ýerine ýetirýärdi. Ine, hut şolar ýaly uly mekdep geçen ussatlar bilen işleşip, ýyllar geçdigiçe sahna saňa öz syrlaryny açyp başlaýan eken.
– Size diňe teatrda däl, eýsem, çeper filmlerde-da ussat režissýorlar bilen işleşmek miýesser etdi. Teatr we kino aktrisanyň gözi bilen nähili görünýär, size olaryň haýsysy has ýakyn?
– Teatryň ýeke-täk we iň uly artykmaçlygy onuň janlylygydyr. Sahnada siz tomaşaçynyň demi bilen dem alýarsyňyz, ähli duýgulary janly kabul edýärsiňiz. Kinonyň güýji bolsa başgaça: ol seni bir wagtda millionlarça ynsana tanadyp bilýär, meşhurlyga eltip bilýär. Men hem çeper filmlere düşdüm, meşhur kinorežissýorlar Muhammet Söýünhanow, Saparmuhammet Jallyýew, Batyr Batyrow, Kakaw Orazsähedow ýaly ussatlar bilen işleşdim. Ýöne teatryň berýän şol adrenalinini, ruhy lezzetini men kinoda doly duýup bilmedim. Şonuň üçin hem häzir bar ünsümi teatra gönükdirýärin. Maňa teatrdan alýan ylhamym doly ýetýär.
Režissýorlar we tomaşaçylar meni köplenç drama žanryndaky keşplerde görýärler, sebäbi ýyllaryň dowamynda janlandyran gahrymanlaryma seredenimde, meni hemişe diýen ýaly drama keşplerine çagyrýarlar. Teatryň ajaýyp tarapy – ol saňa dürli häsiýetdäki keşpleri synap görmäge mümkinçilik berýär. Men özümi şadyýan keşplerde hem synap gördüm we geljekde-de tomaşaçylarymyzy begendirjek şeýle şadyýan gahrymanlaryň üsti bilen sahna çykmagy arzuw edýärin. Men aktýorlyk oýnunyň hemme stillerini we žanrlaryny deň derejede halaýaryn. Ýumor bolsun, satira, tragediýa, drama ýa-da komediýa — meniň üçin hiç hili tapawudy ýok, olaryň hersi meniň üçin aýratyn gyzykly. Bizde halypalaryň aýdýan owadan bir deňeşdirmesi bar: «Aktýorlar Stanislawskiniň usulyýetindäki ýaly sahnada plastilin ýaly maýyşgak, juda çeýe bolmalydyr». Režissýor öz göz öňüne getiren gahrymanyny döretmek üçin ony haýsy tarapa öwürse, aktýor hem şol keşbe doly girip bilmelidir. Menem sahnada hut şeýle çeýe we köptaraply aktrisa bolmak üçin şu mahala çenli öz üstümde yzygiderli işleýärin.
– Geçen döwürleriň teatry bilen häzirki zaman teatrynyň arasynda nähili üýtgeşmeler bar?
– Bu gaty wajyp sorag. Mundan ýarym asyrdan hem gowrak wagt ozal dünýäde-de, bizde-de teatrda söz öňe çykýardy, uly tekstlere esaslanýan ýokary heňli sahna oýny höküm sürýärdi. Aman Gulmämmedow, Bazar Amanow, Suraý we Sona Myradowalar, Gylyç Durdyýew ýaly ägirtlerimiz şol mekdebiň wekilleridi. Ýyllar geçdigiçe teatryň formasy üýtgedi. Häzir dünýäde azsözlülik we sahna hereketi öňe çykdy. Režissýor Mekan Jumabaýewiň goýan «Ak at» spektakly hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ol sahnada tebigylygy, adaty gürleýşi getirdi. Ýasamalyk, her söze basym berip, gygyryp gürlemek döwri geçdi. Sahnada pessaý, tebigy we adaty gürlemek häzirki zaman dünýä teatrlarynyň iň esasy aýratynlygynyň biridir. Öňler tomaşaçylaryň hemmesine sesi doly ýetirmek islegi sebäpli, artistler gatyrak gürlemeli bolýardylar. Emma sesiň gereginden artyk galdyrylan ýerinde, inçe duýgular, gahrymanyň kalbyndaky şol pessaý owazly içki inçelik ýitip bilýärdi. Mekan «Ak at» spektaklynda şol kynçylygy ýeňip, pessaý ses bilen hem tomaşaça täsir edip bolýandygyny subut etdi.
–Sahnada pessaý ses bilen hem uly duýgulary ýetirip bolýandygynyň iň uly mysaly – siziň şol spektaklda janlandyran Jemalyň keşbi boldy. Ýeňil bolmadyk bu keşp aktrisa hökmünde size näme berdi we sahna ýapylandan soň şol agyr ykbaly özüňizden nädip aýyrdyňyz?
— Hakykatdan hem, öňräk iň gowy keşplerim barada soran bolsaňyz, men şol wagtlar “Bakylyk binýadyndaky” How enäniň, “Synmaz erkdäki” Hüýrbibiniň, «Söýgi we mekirlikdäki» palçy aýalyň, «Sallahlardaky» Altyngözeliň, «Gelin gelýärdäki» Aýsadabyň, «Ömür daragtyndaky» Melike hatynyň, «Ýusup-Züleýhadaky» Züleýhanyň, “Halal hazynadaky” Göwheriň, “Gelinleriň gozgalaňyndaky” Mähriniň arasyndan «Romeo we Julýettadaky» hanym Kapulletini saýlardym. Ýöne häzir meniň üçin diňe Jemal bar. Ol maňa aktrisa hökmünde hem, ynsan hökmünde hem döredijiligimiň iň uly ruhy kämilligini berdi, meni düýbünden üýtgetdi. 1948-nji ýylyň ýertitremesi – halkymyzyň uly pajygasy. 18 ýyllap perzendine garaşan, çagalar öýünden öz perzendini gözleýän enäniň hasratyny ýaşamak aktrisadan diňe bir ussatlygy däl, eýsem, bütin barlygyny pida etmegi talap edýärdi. Biz bu eseriň sahnalaşdyrylmagyna iki ýyldan gowrak garaşdyk. Ýaş, zehinli režissýor Mekan Jumabaýewiň öňümizde goýan çeperçilik wezipeleri, taýynlyk döwründäki talaplar biziň döredijilik dünýämizi bütinleý sarsdyrdy.
Taýýarlyk we repetisiýalar döwründe şeýle uly ruhy dartgynlylygy başdan geçirendigim sebäpli, hatda gijelerine-de içki tolgunmamyň tiz wagtdan köşeşmeýän pursatlary boldy. Ünsüm bölünmesin diýip, wagtlaýynça ýakynlarym bilen gatnaşyklary hem çäklendirmeli boldum. Sahnada Gülälek Akmyradowa (Nazyra) bilen gabatlaşyp, iki ene bolup hasratymyzy, mährimizi paýlaşdyk. Sahnadaky: «Näme üçin biriniň bagtly bolmagy üçin başga biri betbagtçylyga uçramalyka?» diýen sowal her bir tomaşaçyny oýa batyrdy. Spektaklyň ilkinji görkezilişlerinden soň, ýakynlarym hem mende dörän bu ruhy üýtgeşmeleri görüp, keşbiň neneňsi agyr ýük bolandygyna göz ýetirdiler. Diňe görkezilişler üstünlikli tamamlanandan soňra, doly özüme gelip bildim. Käte gahrymanyň täsirinden çykmaga maňa tomaşaçylar kömek edýär. Oýun gutarandan soň sahna çykanymyzda, zalda oturan ynsanlaryň gözlerindäki mährini, şol ruhy baglanyşygy duýanymda we olaryň hoşallyk sözlerini eşidenimde, egnimdäki uly ýüküň ýeňländigini bilýärin. Ýöne şonda-da, käbir agyr ykballary kalbyňdan doly çykarmak üçin, hakykatdanam, wagt gerek bolýar.
– Keşbiň üstünde işlemegiň, gahrymanyň kalbyna aralaşmagyň inçe taraplaryny açyp görkezdiňiz. Käte keşbiň içki dünýäňiz bilen utgaşmaýan, kalbyňyza doly ornaşmaýan pursatlary-da bolýarmy?
– Elbetde, şeýle ýagdaýlar hem bolýar. Meniň pikirimçe, islendik keşbiň ýürege ornaşmagyny kynlaşdyrýan zat — aktýoryň öz gahrymanyna doly düşünip bilmezligidir. Aslynda, aktýor öz gahrymanynyň “aklawçysy” bolmalydyr. Sahnada kämilleşmek we şol ykbaly özüňe siňdirip bilmek üçin elmydama öz-özüňe: «Näme üçin? Näme üçin men şu wagt bu ýerde? Näme üçin bu waka meniň gahrymanymyň başyna geldi?» diýen sowallary bermeli. Şol sowallara içki dünýäňde dogry jogap tapylsa, keşp kalbyňa ornaşýar we kämilleşýär. Ýöne käte näçe synanyşsaňam, içki dünýäňe garşy gidip bilmeýän, ýürege doly ornaşmaýan inçe pursatlar hem bolýar. Mysal üçin, ýazyjy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, režissýor Bilbil Mämmedow maňa «Parawbibi» barada spektakl goýjakdygyny we şol keramatly gyzyň keşbini maňa ynanýandygyny aýdanda, men çekinip, ýüz öwrüpdim. «Men häzirlikçe özümi bu mukaddes keşbe mynasyp göremok» diýip, gorkupdym. Režissýor menden ep-esli wagt gaty görüp gezdi.
Şonuň ýaly-da, Kakajan Aşyrowyň «Bagt kenarynda» spektaklynda başga bir nähoşlan aktrisanyň ýerine oýnamaly bolan, özüme ýüzleýräk görünen bir keşbim boldy. Gözlegleriň netijesinde, şol zenanyň aslynda erbet niýetiniň ýokdugyny, diňe iki juwany birikdirmek üçin jan edýän, emma muny gepe-gürrüňe ýykgyn edip amala aşyrýan häsiýetini öne çykaryp, zenanyň asyl niýetini aýdyňlaşdyrypdym. Ýöne barybir ol meniň içki dünýäme doly gabat gelmedi. Soňra režissýora bu keşbi başga aktrisanyň dowam etmeginiň has dogry boljakdygyny sypaýyçylyk bilen duýdurdym. Şonda-da, sungat ýolundaky 27 ýylymyň içinde oýnan ähli gahrymanlarymy tüýs ýürekden söýýärin.
– Şol özüňize ýakyn saýan ýa-da jedelli taraplary bolan keşpleriňizi goranyňyzda, sahna arkalaşygy – dramaturg, režissýor we aktýor gatnaşyklary neneňsi orun tutýar? Pikirleriňiziň utgaşmadyk pursatlarynda ylalaşyk nädip gazanylýar?
– Gürrüňsiz, sahnada režissýoryň pikiri möhüm rol oýnaýar we öňe çykýar. Dramaturg eseri ýazsa-da, oňa sahnada täze ömür berýän režissýordyr. Ol edil bina gurulmazdan öň çyzgysyny taýynlaýan binagär ýaly, hemme keşbi aňynda ýaşap görýär. Döredijilik prosesinde awtor bilen režissýoryň pikirleriniň çaknyşýan pursatlary hem bolýar.
Mysal üçin, tanymal ýazyjymyz Nobatguly Rejepowyň pýesalary esasynda režissýor Eziz Işangulyýewiň goýan «Halal hazyna» spektaklynyň taýynlyklarynda şeýle ýagdaýlar bolupdy. Nobatguly aga her bir sözüniň goraýjysy bolup dursa-da, režissýor öz çeperçilik garaýşyny düşündirmegi başarypdy. Netijede bolsa tomaşaçylaryň ýüreklerine barýan şowly eser döräpdi. Aktýorlaryň pikirleri hem diňlenilýär, ýöne spektaklyň umumy bitewüligi we soňky netije režissýoryň garaýşyna bagly bolup galýar. Şonuň ýaly-da, «Tumar şa» spektaklynyň deslapky taýynlyk işlerinde pýesanyň asyl nusgasyndaky käbir sýužet öwüşginleri boýunça özara pikir alşypdyk. Men şanly taryhymyzda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetiň, merdana Tumar şanyň watançylyk we maşgala mukaddesligi ýaly asylly häsiýetleriniň tomaşaçylarymyza has täsirli, nusgalyk görnüşde ýetirilmelidigi baradaky garaýşymy bildirdim. Halypa ýazyjymyz, dramaturg Gowşutgeldi Danatarow hem biziň bu tekliplerimizi goldap, spektaklyň kämil görnüşde çykmagyny makullady. Sahnada dramaturg hem, režissýor hem, aktýor hem eseriň has belent çeperçilik derejesinde halka ýetmegi üçin mydama birek-biregi diňlemegi we umumy ylalaşyga gelmegi başarmalydyr.
– Maýagül, Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşynda guralan şanly dabarada siziň gysgajyk sahna kompozisiýasynda meşhur lukman, alym, uruş weterany Saçly Dursunowanyň keşbini janlandyran pursadyňyz häzirem ýadymda. Sahna oýny gysga bolsa-da, şol taryhy gahrymanyň bütin durkuny, aýratynlygyny tomaşaça doly ýetirmegi başarypdyňyz.
– Hawa, Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşynda maňa gysgajyk sahna kompozisiýasynda Saçly Dursunowanyň keşbini janlandyrmak bagty ynanyldy. Şol zenanyň beýik ömri we ykbaly mende öçmejek täsir galdyrdy. Käte şeýle gysga çykyşlara ýeňilräk pursat hökmünde garalýan ýagdaýlary hem bolýar. Ýöne bary-ýogy 5-10 minutyň içinde bütin bir gahrymanyň barlygyny tomaşaça ýetirmek üçin zehin talap edýär. Gysga hem bolsa, şol keşbiň tomaşaçylaryň ýüreginde galandygyna durmuşda kän gezek şaýat boldum we muňa begenýärin.
– Köp ýyllyk sahna tejribesi aktrisa hökmünde sizi has paýhasly basgançaklara çykaran bolsa gerek. Tankyda garaýşyňyz nähili? Siziň iň güýçli we gowşak taraplaryňyz haýsylar?
– Sungat ýoluna ýaňy gelen ýyllarymyz käbir keşpleri doly ýerine ýetirip, käbirini bolsa doly düşünmän, diňe berlen görkezme boýunça oýnaýardyk. Şol döwürlerde aýdylýan tankytlar maňa gaty agyr degýärdi. Muňa garmazdan, ýolumy dowam etdirdim. Häzir bolsa men tankyda doly açyk we oňa gaty arkaýyn garaýaryn. Islendik adam tankyt edip biler, sebäbi ol her bir ynsanyň öz görşi we şahsy garaýşydyr. Sahnada oýnan käbir gahrymanlarym barada kärdeşlerimden ýa-da tomaşaçylardan: «Şu gezek maňa duýgularyňyz doly ýetmedi, täsir edip bilmediňiz» diýen sözleri hem tüýs ýürekden diňledim. Men olaryň garaýyşlary bilen razylaşdym, hiç wagt garşy durmadym. Gaýtam, şol kämil tankytlar indiki işlerimde öz üstümde has-da ykjam işlemegim üçin maňa uly ýol açdy. Megerem, ýaşyň ilerledigiçe durmuşa we sungata has paýhasly, sabyrly garaýanlygymyz şu ýerde kömege gelýän bolsa gerek.
Meniň iň gowşak, şol bir wagtda hem iň güýçli tarapym – özüme bolan aşa talapkärligim we öz-özümi gaty güýçli tankytlaýandygym bolsa gerek. Eger bir işe ynamym doly bolmasa, içimden her bir detaly seljerip, özüme rehim etmeýän pursatlarym az bolmaýar. Ýöne ýene bir güýçli tarapym bar: islendik kynçylykda ýykylyp-sürşen ýagdaýymda-da, ýaňadan dikelip, has güýçli bolup ýolumy dowam etdirip bilýärin. Men geçmişdäki şowsuzlyklaryň içinde özümi köýdürip oturan adam däl. Şeýle-de, men durmuşda-da, sungatda-da ýasamalygy, ikiýüzliligi asla kabul edip bilemok. Meniň daşky asudalygymyň aňyrsynda, ilki bilen, işimde we ýörelgelerimde özüme örän talapkär häsiýetim ýatyr. Sahnada nähilidir bir geleňsizlik ýa-da kemçilik görsem, muny hemişe aç-açan, bolşy ýaly aýtmagyň tarapdary. Käte bu gönümelligimi hemmeler birmeňzeş halamaýan hem bolsa, hakyky döredijilik adamsynyň ilki bilen öz käriniň we ynsabynyň öňünde arassa bolmalydygyna ynanýaryn. Sahnada bir işe başlasam, ony ýa ýüz göterim kämil derejede ýerine ýetirmeli, ýa-da asla başlamaly däl. Meniň işe bolan şu çuňňur gatnaşygym we kalbymdaky ýagşy niýetlerim meni elmydama täze ösüşlere, basgançaklara tarap alyp barýar. Sabyrlylyk bolsa maňa ýyllaryň we şol durmuş tejribesiniň dowamynda gelen iň uly baýlykdyr.
– Edebiýat bilen sahnanyň özara arabaglanyşygy nämede?
– Edebiýatsyz sahnany asla göz öňüne getirip bolmaýşy ýaly, Wilýam Şekspir, Aleksandr Ostrowskiý, Anton Çehow ýaly dünýä derejesindäki nusgawy ýazyjylaryň eserlerini we öz milli awtorlarymyzyň galamyna degişli eserleri hem sahnasyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Sahnada goýulýan eserleriň ählisiniň özeni edebiýatdyr. Ýazyjynyň galamyndan çykan her bir eser onuň kalbynyň perzendidir. Awtoryň aňynda, beýnisinde döreden gahrymanlarynyň sahna çykyp, janlanyp, gepläp başlamagyny görmek dramaturg üçin iň uly buýsançdyr. Aktýor sahna çykanda ilki bilen eline keşbi alýar, keşp bolsa pýesadan, ýagny edebiýatdan ybaratdyr. Şonuň üçin hem aktýor bilen režissýoryň arasyndaky döredijilikli arabaglanyşyk neneňsi güýçli bolsa, edebiýat bilen teatryň arabaglanyşygy hem şonça-da berkdir. Teatr bilen edebiýaty biri-birinden aýryp bolmaýar.
– Häzirki wagtda teatrlaryň kämilleşmegi üçin haýsy ugurlara aýratyn üns berilmeli we teatrlarda nämelere isleg bar?
– Häzirki wagtda teatrlarymyzda täze, çuňňur manyly dramaturgiýa we döwrebap režissýorlyk garaýşyna bolan isleg uly bolmagynda galýar. Çünki aktýor professional taýdan ösmek üçin hemişe kämil esere we täzeçil režissýora mätäçdir. Ýurdumyzyň teatrlarynda zähmet çekýän halypa režissýorlarymyzyň ýanyna täzeçe garaýşy bolan ýaş hünärmenleriň goşulmagy teatrlarymyza aýratyn bir döredijilikli ruh berdi.
Şonuň bilen birlikde, teatrlarymyzyň repertuaryny has-da baýlaşdyrmak üçin taryhy gahrymanlarymyzy, milli gymmatlyklarymyzy çeper suratlandyrýan täze pýesalaryň we ýaş dramaturglaryň sanynyň artmagy diýseň wajypdyr. Teatrlaryň dünýä edebiýatynyň nusgawy eserlerine we sebit ýazyjylarynyň döredijiligine ýüzlenmeginiň sebäbi hem şol eserlerdäki adamzat ykbalynyň we asylly gymmatlyklaryň ähli döwür üçin hem bähbitli bolup galýandygyndadyr. Biziň Baýram Abdyllaýew, Nobatguly Rejepow, Begi Suhanow, Gylyçmyrat Kakabaýew ýaly belli dramaturglarymyzyň baý edebi hem-de sahna mirasy bar.
– Edebiýata bolan bu çuňňur söýgiňiz siziň gündelik durmuşyňyzda hem aýdyň görünýän bolsa gerek. Boş wagtlaryňyz köplenç haýsy ýazyjylaryň eserlerine has köp ýüzlenýärsiňiz?
– Hakykatdan hem, elime alan her bir gowy eserim içki dünýämi baýlaşdyrmak bilen birlikde, sahnada täze keşpleri döretmekde-de maňa uly ýol görkezýär. Men dünýä edebiýatynyň nusgawy wekillerini, adam ykballaryny gyzykly gürrüň berýän ýazyjylary gaty gowy görýärin we yzygiderli okaýaryn. Mysal üçin, Çingiz Aýtmatowyň eserlerindäki şol giň we pelsepewi adam ykballary, Nodar Dumbadzeniň gahrymanlaryndaky tebigylyk, ýürekdeşlik we mähirli degişmeler meni hemişe özüne çekýär. Şeýle hem Anton Çehowyň durmuşyň iň inçe taraplaryny, adam häsiýetlerini gysga we çuňňur beýan edişine haýran galýaryn. Häzirki zaman edebiýatyndan bolsa Paulo Koelonyň adamy oýlanmaga mejbur edýän, durmuşyň manysyny gözledýän pelsepeli eserleri maňa örän ýakyn. Kitap okamak – meniň üçin diňe bir wagt geçirmek däl-de, kalbymyň we aktrisalyk ukybymyň hemişe oýanyp durmagyny üpjün edýän uly ruhy çeşmedir.
– Ýaşlaryň gysga wagtlyk durmuş platformalaryna gyzyklanmasynyň artan eýýamynda, adamlar näme üçin ýene-de teatra dolanyp gelýärler?
– Hawa, häzirki wagtda tehnologiýanyň ösmegi bilen durmuşymyzda gysga göwrümli wideolara esaslanýan internet platformalary köpeldi. Adamlar käte gymmatly wagtlaryny şol ýüzleý wideolara sarp edýärler. Ýöne adamlaryň ýene-de teatra gelmeginiň baş sebäbi – teatryň janlylygyndadyr. Teatr emeli, ruhsyz we wagtlaýyn däl, onuň barlygynyň we bakylygynyň iň uly güýji hem şundadyr. Tomaşaçy zala gelende sahna bilen utgaşyp gidýär, sahnadaky wakalary artistler bilen deň derejede ýaşaýar, pikirlenýär we özüne köp soraglary berip başlaýar. Şol gysga wideolar adama basym täsir edip, tiz wagtda ýatdan çykýan bolsa, kämil spektaklyň täsiri adamy uzak waglap öz täsirinde saklaýar we çuňňur oýa batyrýar. Sungatyň beýikligini we janly güýjüni hiç hili emeli platforma ýeňip bilmez. Men teatrda mukdara däl-de, hemişe hile, ýagny many-mazmuna üns berilmeginiň tarapdary. Zaldaky müň adamdan, nirä we näme maksat bilen gelenine doly düşünip oturan ýüz sany tomaşaçynyň bolmagy has gymmatlydyr. Teatryň özboluşly mukaddesligi bar. Tomaşaçynyň sahna oýnuny görmek we duýmak üçin zala getiren şol ümsümlik – hakyky sungata bolan sarpasydyr. Gysga wideolar ynsanlaryň arasyndaky sabyrlylygy, birek-birege bolan janly düşünişmegi we empatiýa ukybyny gowşadan hem bolsa, biziň teatra çuňňur sarpa goýýan, uly pelsepewi eserlere garaşýan akylly tomaşaçylarymyz entek diýseň köp. Olar sahna we artistlere ynanýarlar. Biz hem şol ynamy ödemek üçin döredijilik ýolumyzda ygrarly zähmet çekýäris.
– Maýagül, geljekki meýilnamalaryňyz we arzuw-maksatlaryňyz barada durup geçseňiz?
– Geljekki iň uly meýilnamam we arzuwym – aktrisa hökmünde türkmen teatrynyň dünýä derejesindäki öňden gelýän abraýly ornuny has-da berkitmek we täze belentliklere götermekdir. Soňky ýyllarda biziň sahnalarymyzda örän kämil, döwrebap eserler goýulýar we men şol spektakllarda çykyş edýän artistlerimiziň zehinini dünýä tomaşaçylarynyň has ýakyndan synlamagyny isleýärin. Hatda biziň täze eserlerimizi Ýewropanyň uly sahnalaryna çykarmaga uly ymtylyşymyz bar. Ýaş režissýorymyz Mekan Jumabaýew halkara derejede döredijilik tejribesini artdyran hünärmen bolansoň, biziň täze goýan «Ak at» spektaklymyzyň halkara festiwallara gatnaşmagy, türkmen teatr sungatynyň häzirki ösüşini dünýä ýüzünde ýene bir gezek subut etmegi ugrunda uly işleri alyp barýar. Sungat adamsy – islendik režissýor, ýazyjy ýa-da artist öz käriniň hakyky aşygy bolmalydyr. Öz kärine tüýs ýürekden gulluk edýän ynsan her bir esere jany-teni bilen ýapyşýar we onuň kämil bolmagy üçin yhlasyny gaýgyrmaýar. Geljekde dünýä nusgawy edebiýatynyň iň çuňňur eserlerine täze stilde, täze formatda has köp ýüz tutulmagyny isleýärin.
– Söhbedimiziň ahyrynda okyjylarymyza, teatra gelýän tomaşaçylara aýtjak ýürek sözleriňiz?
– Men hemişe tomaşaçylarymyza şeýle diýýärin: teatra geleniňizde, gaýrat edip, gulagyňyzy, gözüňizi we iň esasy zat – kalbyňyzy ýanyňyz bilen alyp geliň. Gündelik durmuşyň ähli aladalaryny, telefonlaryňyzy teatryň daşynda galdyryň we şol mukaddes ümsümligiň içinde sahna bilen ýüzbe-ýüz boluň. Çünki hakyky sungat diňe şonda kemala gelýär.
Biz, sungat işgärleri hökmünde, häzirki bagtyýar zamanamyzda şeýle uly eserleri sahnalaşdyrmaga, halkymyza medeniýetli hyzmat etmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin çäksiz minnetdar. Halkymyzyň medeniýetini we sungatyny belent derejelere göterýän, bize erkin döredijilikli işlemek we kämilleşmek üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn. Goý, biziň milli medeniýetimiz we teatr sungatymyz mundan beýläk-de täze ösüşlere beslensin we belent sepgitlere ýetsin!
– Maýagül, gyzykly we ýürekdeş söhbediňiz üçin köp sag boluň!
Söhbetdeş bolan Ýegenmämmet Taýlyýew.
“Zaman-Türkmenistan”.
PDF







