Kofeniň bagyr keselleriniň we ölümiň töwekgelçiligini azaldýandygy anyklandy

2

Kofeni (hatda kofeinsiz görnüşini hem) yzygiderli içmek bagyr sirrozynyň, bagyr ragynyň ýüze çykmak hem-de bagyr keselleri zerarly bolup biljek ölümleriň töwekgelçiligini ep-esli derejede azaldýar. «Clinical Gastroenterology and Hepatology» žurnalynda çap edilen täze ylmy barlagyň çäklerinde hünärmenler «UK Biobank» binýadyndan 350 müňden gowrak adamyň maglumatlaryny 13 ýylyň dowamynda seljerdiler. Netijede, günde bäş we ondan köp çaşka kofe içýän adamlarda bagyr sirrozynyň ýüze çykmak ähtimallygynyň 32 göterim, bagyr ragynyň 47 göterim, bu keseller bilen bagly ölümleriň bolsa 42 göterim azalandygy hasaba alyndy.
Alymlaryň bellemegine görä, kofe içýän adamlaryň ganynyň düzüminde bagryň sagdyn işlemegi bilen bagly beloklaryň derejesi ýokary, çişme we zeperlenmeler bilen bagly beloklaryň derejesi bolsa pes bolup çykdy. Iň ýokary netije günde 3-4 çaşka kofe içilende ýüze çykan hem bolsa, hatda günde 1-2 çaşka kofe içmek hem bagyr keselleriniň öňüni almaga oňyn täsir edýär. Şunuň bilen birlikde, alymlar kofeniň bu peýdasynyň diňe bir kofein bilen bagly däldigini, çünki kofeinsiz içginiň hem şuna meňzeş netijeleri görkezendigini anykladylar.
Şunyň bilen birlikde, ylmy işiň awtorlary diňe bir kofe içmek bilen bagyr saglygyny doly üpjün etmegiň mümkin däldigini duýdurýarlar. Hünärmenler bagyr keselleriniň öňüni almakda sagdyn agramy saklamagyň, spirtli içgilerden ýüz öwürmegiň, yzygiderli bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň hem-de ganda şeker, gan basyşy we holesterin derejesini gözegçilikde saklamagyň esasy şert bolup galýandygyny nygtaýarlar. Mundan başga-da, kofeiniň aşa köp mukdary (günde 400 miligramdan ýa-da 4 çaşkadan köp) ýürek urşunyň üýtgemegine, gan basyşynyň ýokarlanmagyna we uky bozulmalaryna getirip bilýär.