Salah we ýoldaşlary ilkinji gezek 1/8 finala çykdy

2

Dünýä Kubogynda 1/16 finalyň soňky gününde 3 duşuşyk geçirildi. Olaryň birinjisi Dallasdaky AT&T Stadium-da Awstraliýa bilen Müsüriň arasynda oýnaldy. Çekeleşikli geçen oýnuň esasy wagtynda ýeňiş gazanan bolman, ýeňijini penalti urgulary kesgitledi.

Oýnuň 13-nji minutynda Emam Aşur tapawutlanyp, müsürlileri öňe geçirdi. Bu onuň şu çempionatdaky 2-nji goly boldy. Wagtal-wagtal hüjüm eden Awstraliýanyň ýygyndysy standart urgulary arkaly howply pursatlar döretdi. Şolaryň birinde, has takygy, 55-nji minutda jerime meýdançasynyň içine geçirilen topy ýalňyşlyk Mohamed Hani öz derwezesinden girizdi. Bu gol hem onuň çempionatda öz derwezesinden geçiren 2-nji topy hökmünde hasaby alyndy. Ol bir çempionatda öz derwezesinden 2 gol geçiren ilkinji futbolçy boldy.

Oýnuň esasy wagty 1-1 deňlikde tamamlanyp, edil duşuşygyň ahyrlarynda bolşy ýaly, goşmaça wagtda Müsüriň ýygyndysy has köp howply hüjümleri geçirdi. Ýöne her gezek derwezeçini ýa-da goragçylary geçmek başartmady. Esasanam Mohamed Salahyň urgulary, jerime meýdançanyň içine geçiren toplary juda uly howp döretdi. Netijede, goşmaça wagtda-da hasap üýtgemedi we penaltiler urlup başlandy.

Awstraliýadan Suttaryň urgusy ýokary gitdi. Müsürlileriň yzly-yzyna 3 urgusy şowly boldy. 4-nji urgularda Awstraliýadan 18 ýaşly Herringtonyň ýerine ýetiren urgusy sütüne degdi. Müsürde 4-nji urgy üçin ak nokadyň ýanyna baran Abdelmajid hem ýalňyşlyga ýol bermedi. Şeýlelikde, penaltilerde 4-2 üstün çykan Müsüriň ýygyndysy 4-nji sapar gatnaşýan ýaryşynda ilkinjilikleriniň hataryna (ýeňiş, toparçadan indiki tapgyra çykmak) 1/8 finaly hem goşmagy başardy.