Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde serginlemek hem-de wagtymyzy has-da şadyýan geçirmek üçin iň gyzykly güýmenjeleriň biri hem suwda ýüzmek bolsa gerek. Deňiz kenarynda, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde ýörite howuzlar bolup, bu ýerlerde ýüzmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Şeýle hem paýtagtymyzda we welaýatlarda suw-sport desgalary bolup, ol ýerlerde dürli ýaşdaky çagalar üçin niýetlenen howuzlarda isleg bildirýänlere ýüzmegiň düzgünleri öwredilýär. Geliň, beden üçin iň peýdaly sport görnüşleriniň biri hasaplanýan ýüzmegiň düzgünleri bilen tanyş bolalyň!
Ýüzmek adama dogabitdi berlen endikleriň biridir. Emma muny ýüze çykarmak we kämilleşdirmek üçin birnäçe şertlere üns bermeli. Ýüzmegi öwrenmek üçin, ilki bilen, çişirilýän rezin howuzda ýa-da saý suwda aýak we el hereketlerini ýerine ýetirip görmeli. Edil deňizde ýüzýän ýaly eliň bilen suwy gulaçlap, aýagyň bilen suwy yza serpikdirip, kelläňi iki gapdala hereket etdirip, birnäçe hepde türgenleşik geçmeli. El-aýagyň ýüzmäge öwrenişenden soň, ulularyň gözegçiligi astynda howuzda ikinji synanyşyklara başlamaly. Munuň üçin suw-sport toplumlaryna gatnap bilersiňiz. Ilkibaşda howuzda ýüzülende eliňe we biliňe dakylýan howpsuzlyk ballonjygyny ulanmaly. Ýörite tälimçileriň suwda ýüzmegi öwredýän sapagyna gatnap, has kämilleşip bilersiňiz.
Suwda ýüzülende üns bermeli esasy şertleriň biri dogry dem almakdyr. Öýde ýa-da suw-sport toplumyna gidilende suwa doly derejede çümmezden, diňe kelläňi batyrmak arkaly demiňi saklamak maşklaryny öwrenmeli. Indiki şertleriň biri suwuň ýüzünde durup bilmegi öwrenmekdir. Munuň üçin suwuň ýüzünde arkan ýatyp, eliňi we aýagyňy ýaýyp, rahat dem alyp, durmaga çalyşmaly. Bu endik gark bolmagyň öňüni almak hem-de ýüzüp barýarkaň dynç almak üçin möhümdir. Suwda ýüzülende iň esasy hereket aýaga degişli bolup, aýagyňy gös-göni hereket etdirmegi we suwy depip, öňe gitmegi öwrenmeli. Munuň üçin howzuň gyrasynda oturyp, aýagyňy türgenleşdirip bolýar. Aýak hereketleri öwrenilenden soň, el hereketlerini hem kämilleşdirmek gerek. Muny döşüňe ýetip duran suwda dik duran ýeriňde eliň bilen suwy gulaçlamak arkaly öwrenip bolýar.
Howpsuzlyk düzgünlerini berjaý ediň!
Özüňizi ökde ýüzüji hasap edýän hem bolsaňyz, çuň ýa-da akar suwa girmekden saklanyň! Çünki bu siziň üçin howpludyr. Suwa girilende arassalygyna üns bermeli. Deňiz suwy şor (duzly) bolandygy üçin süýji suwa garanyňda, has dykyz bolýar. Şor suwa garanyňda süýji suwda ýüzmek has kyn. Ýata suwlara, hapa suwly köllere ýa-da suwy wagtly-wagtynda çalşylmadyk howuzlara girmekden gaça durmaly. Göz we deri keselleri hapa suw arkaly hem geçip bilýär. Süýr günortan suwa girmekden saklanmaly. Gün şöhlesiniň dik düşýän wagty adam bedenine ýaramaz täsir edýär. Nahardan soň we aç wagtyň suwa girmek maslahat berilmeýär. Şol sebäpli naharlanylandan 1 sagat çemesi wagtdan soň ýüzmek maslahat berilýär.
Çalt akýan suw ýüzmegi kynlaşdyrýar. Suwda howsala düşmek gark bolmagyň esasy sebäpleriniň biri bolup, dowla düşen adam aljyrap özüni ýitirýär. Şeýle ýagdaýlarda özüňi asuda alyp barmaly. Ýörite howuzlaryň töweregi typançak bolýandygy sebäpli, bu ýerlerde ylgamaly däl. Oýun edip hem bolsa, hiç kimi habarsyz suwa itmeli däl. Ýadanyňyzy duýan badyňyza hökman suwdan çykmaly. Suwa birden bökmeli däl. Ýüzmäge ökde bolsaňyz hem suwa gireniňizde ýanyňyzda ulularyň bolmagyna üns beriň!
PDF









