Daşky görnüşinden hurma meňzeş gara sapote (Black Sapote) täsin miweleriň biridir. Ata Watany Meksika hasaplanýan bu miwäniň gabygy ýaşylymtyl bolup, içi ýumşak hem-de şireli bolýar. Gara sapote şokolad ýaly süýji tagamy we goýy gara reňki bilen tapawutlanýar. Halk arasynda gara hurma ady bilen tanalýan şokolad miwesine başgaça «şokolad pudingi miwesi» hem diýilýär.
Ylmy ady «Diospyros nigra» bolan şokolad miwesi Merkezi Amerika ýurtlarynda, Meksikada, Kubada we Filippinlerde ösdürilip ýetişdirilýär. Awstraliýada gara sapoteniň çigidi az, has togalak we miwesi kiçiräk görnüşi ösdürilýär. Bu miwe fikusa meňzeş tropik agaçda bitýär. Gara hurma agajy suw joşmalaryna çydamly bolup, çägesöw toprakda has gowy ösýär. Boýy 8-10 metre çenli ýetýän bu agaç 5-7 ýyldan soň hasyl berýär.
Miwäniň reňki ilkibaşda goýy ýaşyl bolup, ýetişende gabygynda gara tegmiller peýda bolýar. Bu miwe güýz paslynyň ahyrynda ýygnalýar we gabygy garalýança salkyn hem-de garaňky ýerde saklanýar. Gara sapote biri-birine ýapyşyp duran 6-12 sany goňur çigidi aýrylyp iýilýär. Şokolad söýüjileriň iň halaýan miwesi bolan gara sapoteniň şokolad kremini, hurmany we karameli ýadyňa salýan özboluşly tagamy bar. Şokolad miwesi terligine iýilmek bilen bir hatarda, süýjüliklere we desertlere goşulýar.
PDF









