Şo­ko­lad mi­we­si

1

Daş­ky gör­nü­şin­den hur­ma meň­zeş ga­ra sa­po­te (Black Sa­po­te) tä­sin mi­we­le­riň bi­ri­dir. Ata Wa­ta­ny Mek­si­ka ha­sap­lan­ýan bu mi­wä­niň ga­by­gy ýa­şy­lym­tyl bo­lup, içi ýum­şak hem-de şi­re­li bol­ýar. Ga­ra sa­po­te şo­ko­lad ýa­ly süý­ji ta­ga­my we go­ýy ga­ra reň­ki bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Halk ara­syn­da ga­ra hur­ma ady bi­len ta­nal­ýan şo­ko­lad mi­we­si­ne baş­ga­ça «şo­ko­lad pu­din­gi mi­we­si» hem di­ýil­ýär.
Yl­my ady «Di­os­py­ros nig­ra» bo­lan şo­ko­lad mi­we­si Mer­ke­zi Ame­ri­ka ýurt­la­ryn­da, Mek­si­ka­da, Ku­ba­da we Fi­lip­pin­ler­de ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Awst­ra­li­ýa­da ga­ra sa­po­te­niň çi­gi­di az, has to­ga­lak we mi­we­si ki­çi­räk gör­nü­şi ös­dü­ril­ýär. Bu mi­we fi­ku­sa meň­zeş tro­pik agaç­da bit­ýär. Ga­ra hur­ma aga­jy suw joş­ma­la­ry­na çy­dam­ly bo­lup, çä­ge­söw top­rak­da has go­wy ös­ýär. Bo­ýy 8-10 met­re çen­li ýet­ýän bu agaç 5-7 ýyl­dan soň ha­syl ber­ýär.
Mi­wä­niň reň­ki il­ki­baş­da go­ýy ýa­şyl bo­lup, ýe­ti­şen­de ga­by­gyn­da ga­ra teg­mil­ler peý­da bol­ýar. Bu mi­we güýz pas­ly­nyň ahy­ry­nda ýyg­nal­ýar we ga­by­gy ga­ral­ýan­ça sal­kyn hem-de ga­raň­ky ýer­de sak­lan­ýar. Ga­ra sa­po­te bi­ri-bi­ri­ne ýa­py­şyp du­ran 6-12 sa­ny go­ňur çi­gi­di aý­ry­lyp iýil­ýär. Şo­ko­lad sö­ýü­ji­le­riň iň ha­la­ýan mi­we­si bo­lan ga­ra sa­po­te­niň şo­ko­lad kre­mi­ni, hur­ma­ny we ka­ra­me­li ýa­dy­ňa sal­ýan öz­bo­luş­ly ta­ga­my bar. Şo­ko­lad mi­we­si ter­li­gi­ne iýil­mek bi­len bir ha­tar­da, süý­jü­lik­le­re we de­sert­le­re go­şul­ýar.