Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Garaşsyzlyk deklarasiýasynyň kabul edilmeginiň 250 ýyllyk şanly senesi giňden bellenilýär. Şenbe güni paýtagt Waşingtonda geçirilmegi meýilleşdirilen resmi şäher ýörişi yssy howa sebäpli ýatyrylan hem bolsa, Ak Tamyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda Milli alleýada esasy baýramçylyk çäreleriniň guralmagyna garaşylýar.
Baýramçylyk dabaralarynyň öňüsyrasynda Günorta Dakota ştatyndaky Raşmor dagynyň öňünde çykyş eden ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp öz ýüzlenmesinde Amerikanyň düýbüni tutan meşhur döwlet işgärleri bolan Jorj Waşingtonyň, Tomas Jefersonyň, Teodor Ruzweltiň we Awraam Linkolnyň taryhy hyzmatlaryny ýatlady. Döwlet Baştutany şenbe güni agşam paýtagtda harby awiasiýanyň gatnaşmagynda guruljak giň gerimli çärede hem halka ýüzlenip, dowam edýän yssy howa şertlerine garamazdan uly syýasy çykyş etjekdigini mälim etdi.
Paýtagt Waşingtonda howanyň gyzgynlygynyň 46 gradusa çenli ýokarlanmagy zerarly şäher häkimligi howpsuzlyk çärelerini güýçlendirip, däp bolan baýramçylyk ýörişini ýatyrdy we halkara sergi-ýarmarkalarynyň işini çäklendirdi. Şol bir wagtda, ýurduň beýleki iri şäherlerinde, şol sanda Nýu-Ýorkda, Çikagoda we Los-Anjelesde dabaraly medeni maksatnamalar, meşhur sungat işgärleriniň gatnaşmagyndaky konsertler we köpçülikleýin çäreler bellenilen meýilnama laýyklykda dowam edýär.
PDF









