Beýik Britaniýanyň «Economist Intelligence Unit» (EIU) seljeriş merkezi tarapyndan taýýarlanan ýyllyk hasabata görä, Daniýanyň paýtagty Kopengagen ýaşamak üçin dünýäniň iň amatly we rahat şäherleriniň sanawynda bassyr ikinji gezek birinji orny eýeledi. Dünýä şäherleriniň durmuş şertleriniň oňaýlylyk derejesini kesgitleýän bu abraýly reýtingde Awstriýanyň paýtagty Wena şäheri ikinji orna mynasyp boldy.
Halkara seljermelere laýyklykda, Kopengageniň ýene-de öňdeligi eýelemegine şäheriň durmuş-ykdysady durnuklylygy, kämil infrastrukturasy hem-de döwlet hyzmatlarynyň ýokary hili oňyn täsir etdi. Ýyllyk görkezijileriň jemleri boýunça dünýäniň iň oňaýly 10 şäheriniň hataryna Melburn, Sidneý, Ženewa, Osaka, Adelaida, Wankuwer we Tokio ýaly iri merkezler girdi.
Hünärmenleriň bellemegine görä, dünýä boýunça durmuş hiliniň ortaça derejesi umumylykda durnuklylygyny saklady. Dünýä şäherleriniň ýyllyk hasabaty saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, ekologiýa we düzümleýin infrastrukturanyň ösüş derejesi ýaly möhüm ugurlara esaslanyp düzülýär.
Myratberdi Mämmedow,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň
harby gullukçysy, leýtenant.
PDF








