Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň «Econo­mist In­tel­li­gence Unit» (EIU) seljeriş mer­ke­zi ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nan ýyl­lyk ha­sa­ba­ta gö­rä, Da­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Ko­pen­ga­gen ýa­şa­mak üçin dün­ýä­niň iň amat­ly we ra­hat şä­her­le­ri­niň sa­na­wyn­da bas­syr ikin­ji ge­zek bi­rin­ji or­ny eýe­le­di. Dün­ýä şä­her­le­ri­niň dur­muş şert­le­ri­niň oňaý­ly­lyk de­re­je­si­ni kes­git­le­ýän bu ab­raý­ly reý­ting­de Awst­ri­ýa­nyň paý­tag­ty We­na şä­he­ri ikin­ji or­na my­na­syp bol­dy.
Hal­ka­ra sel­jer­me­le­re la­ýyk­lyk­da, Ko­pen­ga­ge­niň ýe­ne-de öň­de­li­gi eýe­le­me­gi­ne şäheriň dur­muş-yk­dy­sa­dy dur­nuk­ly­ly­gy, kä­mil inf­rast­ruk­tu­ra­sy hem-de döw­let hyz­mat­la­ry­nyň ýo­ka­ry hi­li oňyn tä­sir et­di. Ýyl­lyk gör­ke­zi­ji­le­riň jem­le­ri bo­ýun­ça dün­ýä­niň iň oňaý­ly 10 şä­he­ri­niň ha­ta­ry­na Mel­burn, Sid­neý, Že­ne­wa, Osa­ka, Ade­lai­da, Wan­ku­wer we To­kio ýa­ly iri mer­kez­ler gir­di.
Hü­när­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, dün­ýä bo­ýun­ça dur­muş hi­li­niň or­ta­ça de­re­je­si umu­my­lyk­da dur­nuk­ly­ly­gy­ny sak­la­dy. Dün­ýä şä­her­le­ri­niň ýyl­lyk ha­sa­ba­ty sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim, me­de­ni­ýet, eko­lo­gi­ýa we dü­züm­le­ýin inf­rast­ruk­tu­ra­nyň ösüş de­re­je­si ýa­ly mö­hüm ugur­la­ra esas­la­nyp dü­zül­ýär.

Myratberdi Mämmedow,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň
harby gullukçysy, leýtenant.