«Com­mu­nications Earth & Environ­ment» žur­na­lyn­da çap edi­len tä­ze yl­my bar­lag­la­ra gö­rä, tro­pi­k to­kaý­la­ryň ýyl­da ön­dür­ýän ägirt uly ýa­gyş muk­da­ry se­bit­le­riň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne, aý­ra­tyn-da oba ho­ja­ly­gy­na mil­liard­lar­ça dol­lar gir­de­ji ge­tir­ýär we ola­ry go­ra­ma­gyň äh­mi­ýe­ti­ni has-da art­dyr­ýar. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Lids uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry­nyň ha­sap­la­ma­la­ry­na gö­rä, bu to­kaý­lyk­la­ryň her gek­ta­ry ýyl­da 2,4 mil­li­on litr ýa­gyş su­wu­ny eme­le ge­tir­ýär. Di­ňe Bra­zi­li­ýa­nyň Ama­zo­ni­ýa to­kaý­lyk­la­ryn­da ýag­ýan ýa­gyş­lar se­bi­tiň oba ho­ja­ly­gy pu­da­gy­na ýyl­da, tak­my­nan, 20 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry möç­be­rin­de peý­da ge­tir­ýär, em­ma bu to­kaý­la­ry go­ra­mak we di­kelt­mek üçin bö­lü­nip be­ril­ýän ma­li­ýe se­riş­de­le­ri ag­zal­ýan gir­de­ji­niň ujyp­syz­ja bö­le­gi­ni düz­ýär.
To­kaý­lyk­lar bu­gar­ma ha­dy­sa­la­ry ar­ka­ly oba ho­ja­ly­gy­nyň, suw üp­jün­çi­li­gi­niň hem-de elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gy­nyň esa­sy­ny düz­ýän se­bit we ma­te­rik de­re­je­sin­dä­ki ýa­gyş ul­gam­la­ry­ny dur­nuk­ly sak­la­ýar­lar. Tro­pik­ sebitlerde to­ka­ýyň her inedördül met­ri ýyl­da, tak­my­nan, 240 litr, Ama­zo­ni­ýa­da bol­sa 300 lit­re çen­li ýa­gyş eme­le ge­tir­ýär.