Gün dürli şöhlelenmeleriň güýçli çeşmesidir. Olaryň içinde ultramelewşe şöhlesi möhüm ähmiýete eýe bolup, esasan hem, çagalar üçin has zerurdyr. Başgaça aýdylanda, ol çaganyň ösmegi üçin gerek bolan witaminleriň emele gelmegine gatnaşýar. Emma çendenaşa güýçli Gün şöhlesi agyr keselleriň, şeýle-de howply täze döremeleriň emele gelmegine sebäp bolup bilýär. Her kim çagalykdan başlap ilki mylaýym ýylylyk, soňra deriniň gyzarmagy ýaly Gün şöhlesini dürli derejede duýup başlaýar. Gün şöhlesiniň uzak wagtlap adam bedenine täsir etmegi deriniň ýanmagyna getirýär. Gün uran adamda ilkibaşda ýadawlyk, ysgynsyzlyk, kellagyry, başaýlanma, aýaklarynda we arkasynda agyry emele gelýär. Soňra gulak şaňlama, demgysma, ýüregiň çalt urmagy ýaly alamatlaryň döremegi mümkin.
Gün urmadan nädip goranmaly?
Tomus paslynda sagat 09:00-dan 18:00-a çenli Günüň aşagynda köp gezmek maslahat berilmeýär.
Yssy howada açyk reňkli egin-eşikleri, nah matadan tikilen ýeňil we giň biçüwli eşikleri geýmeli.
Guşak guşanmasaň, kemer dakynmasaň gowy.
Tomusda açyk reňkli başgaplary geýmeli.
Hemmelere saýawan götermek maslahat berilýär.
Tomus paslynda düzüminde efir ýagy bolan gözellik serişdelerini, atyrlary kosmetolog bilen maslahatlaşyp ulanmaly.
Günüň zyýanly täsirinden goraýan «C» we PP witamine baý önümleri köpräk iýmeli.
Günüň dowamynda kompot, mineral suwlar, gatyk, çal, aýran, dürli şireler ýaly suwuklygy köpräk içmeli, olaryň mukdary
2 litrden az bolmaly däl.
Gülkamar Saparowa,
Aşgabat şäherindäki 5-nji Saglyk öýüniň
şepagat uýasy.
PDF








