Gün dür­li şöh­le­len­me­le­riň güýç­li çeş­me­si­dir. Ola­ryň için­de ult­ra­me­lew­şe şöh­le­si mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lup, esa­san hem, ça­ga­lar üçin has ze­rur­dyr. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, ol ça­ga­nyň ös­me­gi üçin ge­rek bo­lan wi­ta­min­le­riň eme­le gel­me­gi­ne gat­naş­ýar. Emma çen­de­na­şa güýç­li Gün şöh­le­si agyr ke­sel­le­riň, şeý­le-de howp­ly tä­ze dö­re­me­le­riň eme­le gel­me­gi­ne se­bäp bo­lup bil­ýär. Her kim ça­ga­lyk­dan baş­lap il­ki my­la­ýym ýy­ly­lyk, soň­ra de­ri­niň gy­zar­ma­gy ýa­ly Gün şöh­le­si­ni dür­li de­re­je­de du­ýup baş­la­ýar. Gün şöh­le­si­niň uzak wagt­lap adam be­de­ni­ne tä­sir et­me­gi de­ri­niň ýan­ma­gy­na ge­tir­ýär. Gün uran adam­da il­ki­baş­da ýa­daw­lyk, ys­gyn­syz­lyk, kel­la­gy­ry, ba­şaý­lan­ma, aýak­la­ryn­da we ar­ka­syn­da agy­ry eme­le gel­ýär. Soň­ra gu­lak şaň­la­ma, demgys­ma, ýü­re­giň çalt ur­ma­gy ýa­ly ala­mat­laryň dö­re­me­gi müm­kin.

Gün ur­ma­dan nä­dip go­ran­ma­ly?
To­mus pas­lyn­da sa­gat 09:00-dan 18:00-a çen­li Gü­nüň aşa­gyn­da köp gezmek mas­la­hat be­ril­me­ýär.
Ys­sy ho­wa­da açyk reňk­li egin-eşik­le­ri, nah ma­ta­dan ti­ki­len ýe­ňil we giň bi­çüw­li eşik­le­ri geý­me­li.
Gu­şak gu­şan­ma­saň, ke­mer da­kyn­ma­saň go­wy.
To­mus­da açyk reňk­li baş­gap­la­ry geý­me­li.
Hem­me­le­re sa­ýa­wan gö­ter­mek mas­la­hat be­ril­ýär.
To­mus pas­lyn­da dü­zü­min­de efir ýa­gy bo­lan gö­zel­lik se­riş­de­le­ri­ni, atyr­la­ry kos­me­to­log bi­len mas­la­hat­la­şyp ulan­ma­ly.
Gü­nüň zy­ýan­ly tä­si­rin­den go­ra­ýan «C» we PP wi­ta­mi­ne baý önüm­le­ri köp­räk iý­me­li.
Gü­nüň do­wa­myn­da kom­pot, mi­ne­ral suw­lar, ga­tyk, çal, aý­ran, dür­li şi­re­ler ýa­ly su­wuk­ly­gy köp­räk iç­me­li, ola­ryň muk­da­ry
2 litr­den az bol­ma­ly däl.

Gülkamar Saparowa,
Aşgabat şäherindäki 5-nji Saglyk öýüniň
şepagat uýasy.