«Bukh­man Phi­lanth­ro­pi­es» ha­ýyr-sa­ha­wat gu­ra­ma­sy­nyň ýa­kyn on ýy­lyň do­wa­myn­da tas­la­ma­ny ma­li­ýe­leş­dir­me­gi öz üs­tü­ne al­ma­gy ne­ti­je­sin­de, Hal­ka­ra Bu­ker baý­ra­gy­nyň ady mun­dan beý­läk «Buh­man adyn­da­ky Hal­ka­ra Bu­ker baý­ra­gy» diý­lip üýt­ge­dil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýe­ňi­ji üçin göz öňün­de tu­tu­lan baý­rak go­ry iki es­se art­dy­ry­lyp, 50 müň funt ster­ling­den 100 müň funt ster­lin­ge ýe­ti­ril­di. Mun­dan baş­ga-da, ter­ji­me ede­bi­ýa­ty­nyň bi­le­lik­dä­ki zäh­me­tiň önü­mi­di­gi­ni yk­rar et­mek mak­sa­dy bi­len, gys­ga sa­na­wa (şort-lis­te) gi­ren her bir ki­tap üçin 5 müň funt ster­ling möç­be­rin­de pul sy­la­gy bel­le­ni­lip, ol aw­tor bi­len ter­ji­me­çi­niň ara­syn­da deň paýlanýar.
Tas­la­ma­ny ma­li­ýe­leş­dir­ýän «Bukh­man Phi­lanth­ro­pi­es» gaz­na­sy mo­bil oýun­la­ry­ny ön­dür­ýän «Play­rix» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bi­le­lik­de esas­lan­dy­ry­jy­sy, bri­ta­ni­ýa­ly te­le­ke­çi Dmit­riý Buh­man we onuň ýan­ýol­da­şy Dar­ýa Buh­man ta­ra­pyn­dan dö­re­dil­di. 1985-nji ýyl­da Rus­si­ýa­nyň Wo­log­da şä­he­rin­de dün­ýä inen, 2016-njy ýyl­da Ys­ra­ýy­la, 2020-nji ýyl­da bol­sa Be­ýik Bri­ta­ni­ýa gö­çen D.Buh­man «The Sun­day Ti­mes» ga­ze­ti­niň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, 2025-nji ýyl­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň 40 ýa­şa çen­li iň baý on ra­ýa­ty­nyň ha­ta­ry­na gir­di.
Eý­ýäm 2027-nji ýy­lyň Buker baý­ra­gy bo­ýun­ça emin­ler ge­ňe­şi­niň dü­zü­mi hem tas­syk­la­nyp, oňa ýa­zy­jy Ke­ti Ki­ta­mu­ra ýol­baş­çy­lyk eder. Emin­le­riň ha­ta­ryn­da ter­ji­me­çi Pat­rik Mak­Gin­ness, ýa­zy­jy we ki­no­re­žiss­ýor Ka­leb Azu­ma Nel­son, ýa­zy­jy Ol­ga Rawn hem-de akt­ri­sa we prod­ýu­ser Tes­sa Tomp­son bar. Emin­ler to­pa­ry 2026-njy ýy­lyň 1-nji ma­ýyn­dan 2027-nji ýy­lyň 3-nji ap­re­li­ne çen­li dö­wür­de Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da ýa-da Ir­lan­di­ýa­da iň­lis di­lin­de ne­şir edi­len çe­per eser­le­re ba­ha be­rer­ler. Baý­ra­ga da­laş­gär­le­riň uzyn sa­na­wy 2027-nji ýy­lyň 16-njy mar­tyn­da, gys­ga sa­na­wy bol­sa 15-nji ap­re­lin­de jem­le­ner, ýe­ňi­ji­niň ady şol ýy­lyň maý aýyn­da da­ba­ra­ly ýag­daý­da yg­lan edi­ler.