Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Kanunçykaryjy palatasy ýurduň latyn grafikasyna esaslanýan elipbiýini kämilleşdirmek baradaky kanun taslamasyny biragyzdan kabul edip, Senata iberdi. Täze kanuna laýyklykda, ozalky 26 harpdan we 3 sany harp utgaşmasyndan ybarat bolan elipbiý, indi 28 harpdan hem-de 1 sany apostrof belgisinden ybarat bolar. Bu özgerişlik esasan ýazuwda we sanly ulgamda kynçylyk döredýän dört sany problemaly harpyň kämilleşdirilmegini göz öňünde tutýar: «Sh» harpy «Ş» simwolyna, «Ch» harpy «Ç» simwolyna, «Oʻ» harpy «Ö» simwolyna we «Gʻ» harpy bolsa «Ğ» simwolyna üýtgedilip, «ng» harp utgaşmasy bolsa elipbiýden aýrylýar.
Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilermenleri bu reformanyň «bir ses – bir harp» ýörelgesine we Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň hem-de Türkiýäniň tejribesine esaslanýandygyny mälim edýärler. Ozalky apostrofly simwollaryň halkara “Unicode” standartlarynda aýratyn harp hökmünde ýoklugy maglumat tehnologiýalarynda, elektron töleglerde we diliň sanlylaşdyrylma prosesinde bökdençlik döredipdir. Täze hödürlenýän harplar bolsa Türki döwletleriň guramasy tarapyndan öňe sürülýän umumytürki elipbiýe doly gabat gelýär.
Halk deputatlary täze kadalaryň döwlet býujetine goşmaça agram salman, tapgyrlaýyn esasda durmuşa ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýarlar. Ozal berlen şahsy resminamalar, milli walýuta, gymmat bahaly kagyzlar hem-de döwlet edaralarynyň resmi nyşanlary we ýazgylar öz ýuridiki güýjüni saklar. Täze elipbiý okuw kitaplarynyň meýilleşdirilen täze neşirlerinde, pasportlaryň möhleti gutaryp çalşyrylanda we pul serişdeleriniň tebigy täzelenmeginde giriziler. Döwlet Baştutany Şawkat Mirziýoewiň başlangyjy esasynda kabul edilen bu kanun Senat tarapyndan makullanyp, Prezident tarapyndan gol çekileninden soňra resmi taýdan güýje girer.