Şu gün­ler hem­mäniň ün­si Ka­bo-Wer­dä gö­nük­di. So­si­al plat­for­ma­lar­da Ka­bo-Wer­de ba­ra­da gy­zyk­ly gür­rüň­ler we ha­bar­lar ýaý­ra­ýar. Eý­sem, Gün­ba­tar Af­ri­ka­da ýer­leş­ýän bu ki­çi­jik ýur­dy meş­hur eden zat nä­me?!

Ka­bo-Wer­de 1460-njy ýyl­da por­tu­ga­li­ýa­ly de­ňiz­çi­ler ta­ra­pyn­dan açyl­ýar. 1462-nji ýyl­da ada il­kin­ji ýa­şaý­jy­lar gö­çüp bar­ýar. 1975-nji ýyl­da ga­raş­syz­ly­gy­ny yg­lan eden bu ýurt­da af­ri­ka­ly­lar bi­len bir ha­tar­da, ýew­ro­pa­ly­lar hem ýa­şa­ýar. 600 müň­den gow­rak ila­ty bo­lan ada ýur­du­nyň res­mi di­li por­tu­gal­ça bo­lup, ila­tyň ag­la­ba bö­le­gi por­tu­gal di­li bi­len ýer­li gep­le­şik di­li­niň ga­ryn­dy­sy bo­lan krio­lu di­li­ni ulan­ýar.

Ka­bo-Wer­de­ni meş­hur eden zat ki­çi­jik ada ýur­du­nyň şu gün­ler­ De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da do­wam edýän Dün­ýä Ku­bo­gy­na gat­naş­ma­gy­dyr. Il­kin­ji ge­zek fut­bo­lyň iň uly baý­ram­çy­ly­gy­na we­kil­çi­lik ed­ýän bu kin­di­wan­ja ýurt ga­ra­şy­ly­şyn­dan ju­da şow­ly oýun gör­kez­di. To­par­ça­da ýeň­liş­siz 2-nji or­ny eýe­läp, 1/16 fi­na­la çy­kan we Ar­gen­ti­na bi­len du­şu­şan Ka­bo-Wer­de­niň ýy­gyn­dy­sy bu oýun­da hem gol gow­şu­ryp otur­ma­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oý­nuň esa­sy wag­tyn­da ar­gen­tin­ler­den ýe­ňil­me­dik Ka­bo-Wer­de goş­ma­ça wagt­da 3-2 ha­sa­byn­da as­gyn gel­di. Ýö­ne mu­ňa ga­ra­maz­dan, olar gör­ke­zen ba­tyr­gaý oý­ny bilen ta­rap­ly-ta­rap­syz hem­mä­niň uly söý­gü­si­ni ga­zan­dy. Mil­li ýy­gyn­dy­nyň oýun­çy­la­ry öz ýurduna ba­ran­la­ryn­da ola­ry halk köp­çü­li­gi­niň müň­ler­çe­si mä­hir­li, edil Dün­ýä Ku­bo­gy­ny ga­za­nan gah­ry­man­lar deý, uly şat­lyk-şow­hun bi­len gar­şy al­dy­lar. Ka­bo-Wer­de­niň uly to­par­lar­dan esa­sy wagt­da ýe­ňil­män, şow­ly çy­kyş et­me­gin­de to­pa­ryň 40 ýa­şyn­da­ky der­we­ze­çi­si Wo­zin­ýa­nyň aý­ra­tyn or­ny bar­. Onuň çem­pio­nat­dan öň «Ins­tag­ram»-da­ky yzar­laý­jy­la­ry­nyň sa­ny 50 müň­den köp däl­di. Ýö­ne hä­zir­ki wagt­da oňa ýa­zy­lan­la­ryň sa­ny 20 mil­lio­na go­laý­lap, iň köp yzar­la­ý­jy­sy bo­lan der­we­ze­çi­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di.
Köp adamyň Ka­bo-Wer­de ba­ra­da Dün­ýä çem­pio­na­tyn­dan öň bil­ýän bol­maz­ly­gy hem müm­kin. At­lan­tik um­ma­nyn­da­ky 10 sa­ny wul­kan ada­syn­da (San­tu-An­tan, San-Wi­sen­ti, Sent-Lýu­si­ýa, San-Ni­ko­las, Sal, Boa-Wiş­ta, Ma­ýu, Sant­ýa­go, Fo­go, Bra­wa) ýer­leş­ýän Ka­bo-Wer­de Af­ri­ka­nyň iň çet ýurt­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ka­bo-Wer­de ar­hi­pe­la­gy­nyň Sent-Lýu­si­ýa ada­syn­da he­mi­şe­lik ýa­şaý­jy­sy ýok. Ga­lan 9 ada­da ilat ýa­şa­ýar. Paý­tag­ty Pra­ýa bo­lan bu ýur­duň tut­ýan meý­da­ny 4 müň 33 ine­dör­dül ki­lo­met­re ba­ra­bar. Ýur­duň iň köp ilat­ly we iň uly ada­sy Sant­ýa­go bo­lup, gä­mi gat­naw­la­ry­nyň esa­sy bö­le­gi şu ýer­den ama­la aşy­ryl­ýar. Sant­ýa­go ada­syn­da ýer­leş­ýän Si­da­di-Wel­ýa şä­he­ri (Kö­ne şä­her) ýur­duň ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len ýe­ke-täk se­bi­ti­dir. Ta­ry­hy ga­la­la­ry we kö­ne jaý­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýan ga­dy­my şä­he­riň mer­ke­zin­de mer­mer­den gal­dy­ry­lan sü­tün bar. Bu sü­tün ga­dy­my dö­wür­ler­de je­za ber­mek üçin ula­ny­lyp­dyr.
Ka­bo-Wer­de köp­çü­li­giň ara­syn­da «Af­ri­ka bi­len Ýew­ro­pa­nyň ara­syn­da­ky köp­ri» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Af­ri­ka ma­te­ri­gin­dan 570 ki­lo­metr uzak­lyk­da­ky ada ýur­dy sal­kyn ho­wa­sy, ak çä­ge­si we sýor­fing hem-de daý­wing ýa­ly suw sport gör­nüş­le­ri bi­len ta­nal­ýar. De­ňiz­ýa­ka dynç alyş mer­kez­le­ri­ne we şy­pa­ha­na­la­ra baý bolan kiçijik ýurt­da sy­ýa­hat­çy­lyk esa­sy or­ny eýe­le­ýär. Daş-tö­we­re­gi wul­kan dag­la­ry we ýa­şyl jül­ge­ler bi­len gur­şa­lan ada­lar sy­ýa­hat­çy­lar­da ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir gal­dyr­ýar. Ka­bo-Wer­de sy­ýa­hat et­mek üçin iň asu­da we ra­hat ýer­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. San­tu-An­tan, Boa-Wiş­ta, Sal ada­la­ry ýur­duň iň meş­hur we owa­dan ýer­le­ri ha­sap­lan­ýar. Sal we Boa-Wiş­ta ada­la­ry suw­da ýüz­me­gi we ke­nar­da dynç al­ma­gy ha­la­ýan­lar üçin göm-gök su­wy hem-de ak çä­ge­li ke­nar­la­ry bi­len meş­hur­dyr. Dag­da ge­ze­lenç et­mek is­le­ýän­ler bol­sa San­tu-An­tan we Fo­go ada­la­ryn­a ba­ryp, kert ga­ýa­la­ry we üs­ti çü­re­lip du­ran da­gy ýa­kyn­dan syn­la­ýar­lar. Ýur­duň me­de­ni paý­tag­ty Min­de­lo şä­he­ri bo­lup, jan­ly aý­dym-saz kon­sert­le­ri we dür­li reňk­li ta­ry­hy bi­na­la­ry bi­len gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Ka­bo-Wer­de­niň iň be­ýik no­ka­dy Pi­ko-du-Fo­go bo­lup, be­ýik­li­gi 2 müň 829 met­re ýet­ýär.
Ada ýur­du­nyň de­ňiz­ýa­ka ke­nar­la­ryn­da de­ňiz pyş­ba­ga­sy örän köp duş gel­ýär. Sy­ýa­hat­çy­lar iýul we sent­ýabr aý­la­ry ara­ly­gyn­da de­ňiz pyş­ba­ga­la­ry­nyň kö­pel­mek üçin ke­na­ra gel­ýän pur­sa­dy­ny ýa­kyn­dan syn­lap bil­ýär­ler. Mun­dan baş­ga-da, ar­hi­pe­lag­da uzyn gu­lak­ly ýar­ga­na­ta we gek­ko­na (zem­ze­ne meň­zeş süý­re­ni­ji) duş gel­mek bol­ýar.
Ýur­duň gast­ro­no­mi­ýa­syn­da ba­lyk, mek­ge­jö­wen we tü­wi esa­sy or­ny eýe­le­ýär. Ada ýur­dun­da ba­lyk­çy­lyk we eke­ran­çy­lyk ösen ul­gam­lar bo­lup, ýe­ral­ma, so­gan, po­mi­dor, ke­lem ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Ba­nan we pa­pa­ýa ýa­ly mi­we­le­ri bol­sa, ýy­lyň is­len­dik möw­sü­min­de ta­pyp bol­ýar. Ýur­duň meş­hur ta­ga­my ka­çu­pa bo­lup, mek­ge­jö­wen, noýba, ba­lyk we et go­şu­lyp taý­ýar­la­nyl­ýar. Iň meş­hur kö­çe ta­ga­my bol­sa pas­tel­dir. Içi­ne gök önüm­ler, ba­lyk ýa-da et sal­nyp, ýag­da gow­rul­ýan bu ta­gam ýa­rym Aý şe­kil­li ça­pa­da meň­ze­ýär.
Ada ýur­dun­da fut­bol bi­len bir ha­tar­da, sýor­fing, winds­ýor­fing, kaýts­ýor­fing, daý­wing, ba­lyk tut­mak ýa­ly sport gör­nüş­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Pra­ýa şä­he­rin­de Ka­bo-Wer­de mil­li sta­dio­ny ýer­leş­ýär. Bu sta­di­on­da gand­bol ýa­ryş­la­ry ge­çi­ril­ýär. Ka­bo-wer­de­li­ler «gök aku­la­lar» la­ka­my bi­len fut­bol ýa­ryş­la­ry­na we­kil­çi­lik ed­ýär­ler. Ýur­duň fut­bol bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy­sy 2013-nji, 2015-nji, 2021-nji, 2023-nji ýyl­lar­da (4 ge­zek) Af­ri­ka Mil­let­ler Ku­bo­gy­na gat­naş­dy.