Şu günler hemmäniň ünsi Kabo-Werdä gönükdi. Sosial platformalarda Kabo-Werde barada gyzykly gürrüňler we habarlar ýaýraýar. Eýsem, Günbatar Afrikada ýerleşýän bu kiçijik ýurdy meşhur eden zat näme?!
Kabo-Werde 1460-njy ýylda portugaliýaly deňizçiler tarapyndan açylýar. 1462-nji ýylda ada ilkinji ýaşaýjylar göçüp barýar. 1975-nji ýylda garaşsyzlygyny yglan eden bu ýurtda afrikalylar bilen bir hatarda, ýewropalylar hem ýaşaýar. 600 müňden gowrak ilaty bolan ada ýurdunyň resmi dili portugalça bolup, ilatyň aglaba bölegi portugal dili bilen ýerli gepleşik diliniň garyndysy bolan kriolu dilini ulanýar.
Kabo-Werdeni meşhur eden zat kiçijik ada ýurdunyň şu günler Demirgazyk Amerikada dowam edýän Dünýä Kubogyna gatnaşmagydyr. Ilkinji gezek futbolyň iň uly baýramçylygyna wekilçilik edýän bu kindiwanja ýurt garaşylyşyndan juda şowly oýun görkezdi. Toparçada ýeňlişsiz 2-nji orny eýeläp, 1/16 finala çykan we Argentina bilen duşuşan Kabo-Werdeniň ýygyndysy bu oýunda hem gol gowşuryp oturmady. Çekeleşikli geçen oýnuň esasy wagtynda argentinlerden ýeňilmedik Kabo-Werde goşmaça wagtda 3-2 hasabynda asgyn geldi. Ýöne muňa garamazdan, olar görkezen batyrgaý oýny bilen taraply-tarapsyz hemmäniň uly söýgüsini gazandy. Milli ýygyndynyň oýunçylary öz ýurduna baranlarynda olary halk köpçüliginiň müňlerçesi mähirli, edil Dünýä Kubogyny gazanan gahrymanlar deý, uly şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar. Kabo-Werdeniň uly toparlardan esasy wagtda ýeňilmän, şowly çykyş etmeginde toparyň 40 ýaşyndaky derwezeçisi Wozinýanyň aýratyn orny bar. Onuň çempionatdan öň «Instagram»-daky yzarlaýjylarynyň sany 50 müňden köp däldi. Ýöne häzirki wagtda oňa ýazylanlaryň sany 20 milliona golaýlap, iň köp yzarlaýjysy bolan derwezeçileriň birine öwrüldi.
Köp adamyň Kabo-Werde barada Dünýä çempionatyndan öň bilýän bolmazlygy hem mümkin. Atlantik ummanyndaky 10 sany wulkan adasynda (Santu-Antan, San-Wisenti, Sent-Lýusiýa, San-Nikolas, Sal, Boa-Wişta, Maýu, Santýago, Fogo, Brawa) ýerleşýän Kabo-Werde Afrikanyň iň çet ýurtlarynyň biridir. Kabo-Werde arhipelagynyň Sent-Lýusiýa adasynda hemişelik ýaşaýjysy ýok. Galan 9 adada ilat ýaşaýar. Paýtagty Praýa bolan bu ýurduň tutýan meýdany 4 müň 33 inedördül kilometre barabar. Ýurduň iň köp ilatly we iň uly adasy Santýago bolup, gämi gatnawlarynyň esasy bölegi şu ýerden amala aşyrylýar. Santýago adasynda ýerleşýän Sidadi-Welýa şäheri (Köne şäher) ýurduň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýeke-täk sebitidir. Taryhy galalary we köne jaýlary bilen tapawutlanýan gadymy şäheriň merkezinde mermerden galdyrylan sütün bar. Bu sütün gadymy döwürlerde jeza bermek üçin ulanylypdyr.
Kabo-Werde köpçüligiň arasynda «Afrika bilen Ýewropanyň arasyndaky köpri» diýlip atlandyrylýar. Afrika materigindan 570 kilometr uzaklykdaky ada ýurdy salkyn howasy, ak çägesi we sýorfing hem-de daýwing ýaly suw sport görnüşleri bilen tanalýar. Deňizýaka dynç alyş merkezlerine we şypahanalara baý bolan kiçijik ýurtda syýahatçylyk esasy orny eýeleýär. Daş-töweregi wulkan daglary we ýaşyl jülgeler bilen gurşalan adalar syýahatçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Kabo-Werde syýahat etmek üçin iň asuda we rahat ýerleriň biri hasaplanýar. Santu-Antan, Boa-Wişta, Sal adalary ýurduň iň meşhur we owadan ýerleri hasaplanýar. Sal we Boa-Wişta adalary suwda ýüzmegi we kenarda dynç almagy halaýanlar üçin göm-gök suwy hem-de ak çägeli kenarlary bilen meşhurdyr. Dagda gezelenç etmek isleýänler bolsa Santu-Antan we Fogo adalaryna baryp, kert gaýalary we üsti çürelip duran dagy ýakyndan synlaýarlar. Ýurduň medeni paýtagty Mindelo şäheri bolup, janly aýdym-saz konsertleri we dürli reňkli taryhy binalary bilen görenleri haýran galdyrýar. Kabo-Werdeniň iň beýik nokady Piko-du-Fogo bolup, beýikligi 2 müň 829 metre ýetýär.
Ada ýurdunyň deňizýaka kenarlarynda deňiz pyşbagasy örän köp duş gelýär. Syýahatçylar iýul we sentýabr aýlary aralygynda deňiz pyşbagalarynyň köpelmek üçin kenara gelýän pursadyny ýakyndan synlap bilýärler. Mundan başga-da, arhipelagda uzyn gulakly ýarganata we gekkona (zemzene meňzeş süýreniji) duş gelmek bolýar.
Ýurduň gastronomiýasynda balyk, mekgejöwen we tüwi esasy orny eýeleýär. Ada ýurdunda balykçylyk we ekerançylyk ösen ulgamlar bolup, ýeralma, sogan, pomidor, kelem ösdürilip ýetişdirilýär. Banan we papaýa ýaly miweleri bolsa, ýylyň islendik möwsüminde tapyp bolýar. Ýurduň meşhur tagamy kaçupa bolup, mekgejöwen, noýba, balyk we et goşulyp taýýarlanylýar. Iň meşhur köçe tagamy bolsa pasteldir. Içine gök önümler, balyk ýa-da et salnyp, ýagda gowrulýan bu tagam ýarym Aý şekilli çapada meňzeýär.
Ada ýurdunda futbol bilen bir hatarda, sýorfing, windsýorfing, kaýtsýorfing, daýwing, balyk tutmak ýaly sport görnüşlerine aýratyn üns berilýär. Praýa şäherinde Kabo-Werde milli stadiony ýerleşýär. Bu stadionda gandbol ýaryşlary geçirilýär. Kabo-werdeliler «gök akulalar» lakamy bilen futbol ýaryşlaryna wekilçilik edýärler. Ýurduň futbol boýunça milli ýygyndysy 2013-nji, 2015-nji, 2021-nji, 2023-nji ýyllarda (4 gezek) Afrika Milletler Kubogyna gatnaşdy.
PDF









